Energiýa we azyk pudagynyň girdejileri artdy

Angliýanyň halkara “Oxfam” haýyr-sahawat guramasy soňky ýyllarda energiýa we azyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň girdejileriniň görnetin ýokarlanandygyny mälim etdi. Şweýsariýanyň Dawos etrabynda geçirilýän Halkara ykdysady forumda bu barada maglumat berildi.

Maglumata görä, soňky iki ýylda bu iki ugurda iş alyp barýan işewürleriň girdejileri hem jemi 453 milliard dollar möçberinde artypdyr.Dünýäniň iň uly azyk öndürijileriniň biri bolan “Cargill” toparynyň agzalarynyň arasyndaky milliarderleriň sany bolsa, pandemiýadan ozal 8 bolan bolsa, häzirki wagtda 12-ä ýetipdir.

Pandemiýa döwründe dünýäde 573 täze milliarder peýda bolupdyr. “Forbes” žurnalynyň sanawyna görä, dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy 12,7 trillion dollar töweregi. Bu görkeziji global jemi içerki önümiň 13,9 göterimini emele getirýär.

Aýjemal Garryýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara gol çekdi
Diller dostluk köprüsi
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Times Higher Education atly reýtinginde
Eziz diýarymyz melhemler mekany
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag geljegiň şäheri