
Kristersson Ýewropa Parlamentiniň Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirilen Sessiýasynda çykyş etdi.
Kristersson ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny 1-nji ýanwarda kabul edip alan ýurdunyň ileri tutýan ugurlarynyň “Ýewropany hasam ýaşyllaşdyrmak, howpsuz we azat-erkin ýagdaýa getirmek” hökmünde beýan etdi.
“Başlangyç nokadymyz we hemmeleriň birinji meselesi Ukraina. Ol şeýle hem bolmaly” diýen Kristersson; “Biziň borjumyz diňe bir öz garaşsyzlyklary üçin däl, şol bir wagtda-da ýewropaly ýaşaýyş durmuşy üçin söweşýän ukrainalylary goldamaga dowam etmeklikdir” diýdi.
Şwesiýanyň beýleki ileri tutýan ugurlarynyň ÝB-de guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş, bilelikdäki we gynarnyksyz migrasiýa syýasatydygyny beýan ede Kristersson; “ÝB ykdysady taýdan uly güýç. Muňa garamazdan doly ykdysady potensialymyzdan peýdalanyp bilemizok. Önümçilik yzda galýar. Şu gün ylmy barlaga we kämilleşdiriş işlerine ABŞ-dan ýa-da Hytaýdan az çykdajy edýäris we ýokarlan energiýa nyrhlary maýa goýumlary Ýewropadan çetleşdirýär” diýdi.
Şwesiýanyň premýer-ministri bäsdeşligi we önjeýliligi artdyrmak üçin ÝB-de uzak möhletli strategiýanyň düzülmelidigini nygtady.