Energiýa kompaniýasy iri ylalaşyga gol çekdi

ABŞ-nyň “Chevron” kompaniýasy nebit we gaz gözlemek hem öndürmek bilen meşgullanýan “Hess” şereketini satyn almak üçin ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi. Şertnamanyň bahasynyň 53 milliard dollardygy mälim edildi. Kompaniýanyň köpçülige ýaýradan maglumatynda “Chevron” agzalýan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi bilen iş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrar hem-de nagt pul akymyny häzirki bäşýyllyk maksatnamadan has çalt artdyrar.

Şertnamanyň ýuridik taýdan tamamlanmagy bilen “Hess” şereketiniň ýolbaşçysy Jon Hess “Chevron” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolar.

Şertnamanyň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlanmagyna garaşylýar. Bilermenleri bu ylalaşygyň ABŞ-nyň uglewodorod serişdeleri pudagyndaky soňky ýyllaryň ikinji uly ylalaşygy hasaplanýar.

ABŞ-nyň “Exxon Mobil” kompaniýasy şu ýylyň 11-nji oktýabrynda merkezi edarasy Tehasda ýerleşýän “Pioneer Natural Resources” nebit-gaz kompaniýasyny 59,5 milliard dollara satyn almak üçin ylalaşyk gazanypdy.

Serdar Şöhradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy
ABŞ-da elektron deri döretdiler
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Meksikada Bolan Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy
ABŞ-da 90 ýaşly zenan uniwersitetde magistr derejesini aldy