Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar

Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar

Öýjükli telefonlarymyzdan saz diňlenýän enjamlara, awtoulaglarymyzdan kompýuterlerimize, sakgal syrylýan abzallarymyzdan sagatlarymyza, drellerden tozan sorujylara we hatda ullakan gaýyklara çenli elektrik tok bilen işleýän enjamlar we ulaglar durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Tehnologiýanyň barha köp ulanylmagy we kabelsiz tehnologiýalara artýan zerurlyk, energiýanyň has köp ammarlanmagyna, uzak möhletleýin we howpsuz ulanylmagy babatynda talaplary emele getirýär.

Şol sebäpli alymlar has köp energiýa saklap biljek tehnologiýalary oýlap tapmak üçin her gün arman-ýadaman işleýärler.

Hazirki wagtda atym ýagny zarýad edip bolýan batareýalar batareý himiýasyna görä esasan hem 3-e bölünýär. Atym berilýän batareýa görnüşleri Nikel-Metallogidrid, Nikel-kadmiýewyý we Litiý-ion hökmünde görkezilýär.

Batareýalaryň barha kiçelýän tehnologiýalara uýgunlaşmagy we has uzak möhlet ulanmak mümkinçiligini berjek ammarlama göwrümine ýetmegi üçin alynyp barylýan işler ähli tehnologiýalaryň giňden ulanyp boljak ýagdaýa gelmegine goşant goşar.

Täze nesil batareýalaryň we energi ammarlama ulgamlarynyň göwrümleri bilen birlikde, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa bolmak arkaly olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu ugurda esasan hem seýrek toprak elementleri ýaly çäkli önümçilik mümkinçiligi bolan çig mallaryň ýerine geçip biljek alternatiw we howpsuz çözgütler, özgerýän energiýa ammarlama önümleri bazarynda çykdajylary her kim tarapyndan elýeterli bolup biljek derejä ýetmegi maksat edinilýär.

Birnäçe sekundyň dowamynda doly atym ýagny zarýad bolup bilýän, ekologiýa zyýany bolmazdan gaýtadan işläp bolýan we hatda ömür boýy ulanmak mümkinçiligini hödürleýän täze nesil energiýa ammarlama tehnologiýalarynyň bir bölegi global bazarda öz ornuny almaga başlady.

Batareýalar ýurtlaryň geljek ýyllar üçin goýan nol uglerod maksatnamalrarynyň çäginde möhüm rol eýeleýär. Türkiye ýaly dünýäniň ençeme ýurdy nol zyňyndy maksatnamalarynda örän tiz ýagdaýda ýangyjy gazylyp alynýan görnüşleriniň ulanylmagyny dolulygyna aýyrmagy maksat edinýär.

Soňky ýyllarda başdan geçirilen tehnologik özgertmeleriň saýasynda global batareýa bazarynyň 2027-nji ýyla çenli 310,8 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.Gurşun kislotasy, Li-ion we Nikel esasly batareýalar bazaryň 95 göterimlik bölegini emele getirýär.

Bazaryň içindäki Li-ion batareýalaryň paýy 2020-nji ýylda 44,2 milliard dollar bolan bolsa, 2025-nji ýyla çenli şol paýyň 94,4 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.

STM tehnologiki pikir merkeziniň "Energiýa ammarlaýyş tehnologiýalarynda soňky ösüşler" habarnamasyna görä, energiýa ammarlama tehnologiýalar babatynda 3 esasy batareýa görnüşinden dolulygyna aýyrýan ençeme iş bar.

Şwesiýanyň Çalmers uniwersitetiniň ylmy barlag işgärleri ozalky gurluşlar bilen deňeşdirilende 10 esse köp energiýa ammarlap bilýän bir sement batareýa oýlap tapmagyň üstünde işleýärler. Geljekdäki öýleri ullakan batareýa öwürmek mümkinçiligine eýe bolan bu tehnologiýa, sement esasly garyndyda gysga uglerod süýümlerini ýerleşdirmek arkaly işleýär.

Ylmy-barlaglar entek başlangyç tapgyrynda bolsa-da, sement batareýasynyň tehnologiýasynyň häzirki döwürde ýeterlik energiýa saklap bilmejekdigini görkezýän hem bolsa, bu ugurda gözlegler dowam edýär.

Ýene-de bir ylmy-barlag bolsa Grafen batareýa tehnologiýalarynda geçirilýär. Esasan hem Taýwanly we ABŞ-ly firmalar Grafen tehnologiýasyna uly mukdarda maýa goýarlar.

Emma ylmy-barlaglar nähili bolsa bolsun, ähli alymlar gysga wagtda zarýad berip biljek we has uzak wagtlap energiýa berip biljek batareýa tehnologiýalaryny ösdürmek üçin tagalla edýärler.

Batareýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň öňündäki iň uly mümkinçilik, ýollarda soňky ýyllarda giňden ýaýran elektrik ulaglarynyň günsaýyn artmagydyr.

Elektrik tokda işleýän ulaglaryň ulanylyş wagty, tizligi we güýji batareýa tehnologiýasy bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin batareýanyň netijeliligi we öndürijiligi, elektrik tokda işleýän ulaglaryň giňden ulanylmagy üçin iň möhüm mesele hasaplanýar.

Elektrik ulaglarynda ulanylýan batareýalar esasan üç görnüşde görkezilýär. Olar gurşun kislotasy batareýalary, Nikel-Metallogidrid we litiý ion batareýalarydyr.

Her batareýanyň görnüşiniň dürli artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Litiý-ion batareýalary has ýeňil we uzak dowam edýändigi bilen belli bolsa-da, gurşun kislotasynyň batareýalary has tygşytly bolmagy bilen tapawutlanýar.

Ýokary mümkinçilikli batareýalar öndürip, ulaglaryň aralyklaryny müňlerçe kilometre ýetirmek alymlaryň iň uly maksady.

Mahmut GÜRER / TRT HABAR kanalynyň redaktory

Ýene degişli makalalar

78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi
Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi