Energetikada Tygşytlylyk Döwri

Energetikada Tygşytlylyk Döwri

Türkiye döwlet edaralarynda tygşytlylyk çärelerini durmuşa geçirýär. Döwlet edaralaryny gyzyklandyrýan ençeme ugurda tygşylylyk çäreleri durmuşa geçirilýär. Çäreleriň möhüm bölegi energiýa sarp etmek bilen baglanyşyklydyr ...

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň hem 2053-nji ýyl nol zyňyndy we tygşytlylyk çäreleri bilen bagly möhüm hereket meýilnamasy bar.

Maksatnamanyň ady "2030 Milli energiýa netijeliligi strategiýasy". Strategiýanyň çäginde hereket meýilnamasy bilen, döwlet energiýa çykdajylaryny 30 göterime çenli tygşytlamak meýilleşdirilýär.

2030-njy ýyla çenli energiýa sarp edilişini 16 göterim azaltmak we 100 million tonna zyňyndylary azaltmak üçin goşant goşmak göz öňünde tutulýar.

Strategik we hereket meýilnamasynda döwlet edaralaryna degişli binalar we köçelerdäki yşyklar hem bar.Döwlet edaralaryna degişli binalar üçin 2023-nji ýyla çenli 15 göterim tygşytlamagy maksat edinen ministrlik, köpçülikleýin binalaryň energiýa çykdajylarynda ýylda 1,1 milliard lira tygşytlylylygy ýola goýdy. 2024-nji ýyldan başlap tygşytlylyk maksatnamasy 2 esse artdyryldy.

Döwlet edaralaryna degişli binalarda 2030-njy ýyla çenli 30 göterim tygşytlylyk amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da, köçe lampalarynda LED, ýagny umumy yşyklandyryşda giňişleýin geçiş maksatnamasy başlandy. 2030-njy ýyla çenli umumy yşyklandyryşda 1,2 million LED gurlar. Bu ýerde elektrik paýlaýjy kompaniýalar we ýerli hökümetler bilen utgaşyklykda işlenip düzüler. Göz öňünde tutulýan meýilnama 2024-nji ýylda durmuşa geçirilip başlandy. Bary-ýogy 4 aýda gazanylan tygşytlylyk mukdary 1 milliard 100 million liradan geçdi.

Şeýle hem ministrlik, esasanam elektrik önümçiliginde daşary ýurt çeşmelerini azaltmagy maksat edinýär.

Bu ugurda täze başlangyçlaryň edilen we täze başlangyçlaryň goldanýan iň möhüm ugur, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolup durýar.

Türkiyede geçen ýyl gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň 42 göterimi öndürilip, dünýädäki ortaça derejeden ýokary boldy.

Elektrik önümçiliginiň 6 göterimi gün energiýasyndan, 10 göterimi ýel energiýasyndan we 20 göterimi gidroelektrik çeşmelerinden üpjün edildi.

Elektrik energiýasynyň 58 göterimi gazylyp alynýan ýangyçlardan öndürildi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak üçin ýene bir möhüm ädim edildi.

Energetika we magdançylyk kanunlarynda girizilen üýtgeşmeler bilen, agyz suwuny üpjün edýän bentlerden, suwlanýan ýerlerden we kenar ýakalaryndan daşary, ýüzýän Gün energiýasy elektrik desgalarynyň döredilmeginiň öňi açyldy.

Düzgünnama bilen deňizlerde, bent köllerinde, emeli we tebigy köllerde energiýa önümçilik desgalary gurulyp biliner.

Şeýlelik bilen, gün energiýasynyň roly hasam ýokarlanar we gazylyp alynýan ýangyçlardan öndürilýän elektrik tok önümçiliginiň azaldylmagy üpjün ediler.

Döwlet edaralarynda tygşytlylyk bilen bagly çäreler amala aşyrylýarka, energiýada netijelilik üçin öýlerde we iş ýerlerinde hem tygşytlylyk uly ähmiýete eýedir.

Öýlerde we iş ýerlerinde energiýa sarp edilişi ownuk çäreler bilen 50 göterim töweregi azaldyp bolýar.

Haýsy ädimleriň edilmegi zerur?

Mahmut Gürer / TRT Habar kanalynyň redaktory

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Günüň energiýasy, suwuň üstünde ýygnalar
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Uýgur Türkçesi - 2
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar