Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiyäniň tebigy gaz merkezi bolmak ugrundaky edýän ädimleriniň üstünde durup geçmek isleýäris.
Energiýada merkezi ýurt bolmaga taýarlyk görýän Türkiye halkara tebigy gaz geçiriji turba taslamalary bilen Russiýadan, Azerbaýjandan we Eýrandan tebigy gaz import edýär.
Türkiye halkara tebigy gaz taslamalary bilen sebitdäki energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyna goşant goşýar, tebigy gazyň söwdasynyň amala aşyrylýan we bahalaryň kesgitlenýän merkez ýagdaýyna gelmek maksady bilen işlerini tizleşdirmäge dowam edýär.
Russiýanyň tebigy gazyny daşary ýurt bazarlaryna eksport edip bilmek üçin Türkiyede bir gaz merkeziniň döredilmegi bilen bagly teklibinden soň, ady agzalan işler bilen baglanşykly ýol kartasy üçin görülýän taýarlyklar dowam edýär.
Trakýa sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän tebigy gaz merkezi bilen Türkiye, Ýewropanyň iň uly gaz üpjün edijisi, öndüriji ýurtlaryň hem energiýa eksportynyň artdyrylmagy üçin merkezi ýurt bolmaga taýarlyk görýär.
Trakýada ýerleşiş boýunça gözlegler tamamlanyp barmak bilen birlikde, merkeziň şu ýylyň içinde gurulmagy maksat edinilýär.
Moskwa-Ankara liniýasynda wekiliýetler dowamly häsýetde gidip gelýärler, taslamany dolulygyna tamamlamak üçin işlerini dowam etdirýärler.
Türkiye häzirki wagtda jemi 7 halkara tebigy gaz turba geçirijisi, 4 sany LNG desgasy, 2-si ýüzýän ammar we gazlaşdyryş enjamlary we 2 sany ýerasty tebigy gaz saklaýyş desgasy bilen güýçli infrastruktura eýedir.
Halkara taslamalarynyň biri bolan “Turk Akym” taslamasy, Russiýanyň Anapa şäherinden Kyrklareli welaýatynyň Kyýyköý etrabyna çenli uzynlygy 930 kilometre barabar bolan iki deňiz liniýasyndan ybaratdyr.
Bu liniýalaryň biri Türkiýäniň milli toruna birigýän bolsa, beýlekisi Türkiyeden üstaşyr Ýewropa daşalmagyny üpjün edýär. Her bir liniýa ýylda 15,75 milliard kub metr gaz daşamaga ukyplydyr.
Russiýadan Gara deňziň üstünden geçýän liniýa arkaly Türkiyä barýan Mawy akym tebigy gaz turba geçiriji liniýasy her ýyl 16 milliard kub metr gaz ugradýar.
Azerbaýjan gazyny Türkiyä we Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa ýetirýän TANAP taslamasy häzirki wagtda 6 milliard kub metrini Türkiyä we 10 milliard kub metrini Ýewropa bolmak bilen jemi 16 milliard kub metr gaz eksport edýär.
Kuwwatlylygyny 32 milliard kub metre çenli artdyryp boljak görnüşde dizaýn edilen TANAP-yň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça işler dowam edýär.
TANAP, Gresiýa serhedindäki Ýewropa ýurtlaryna gaz iberýän Trans Adriatik turba geçirijisine birikdirilýär.
Şeýle hem Türkiye, Bakuw-Tbilisi-Erzurum tebigy gaz turba geçiriji liniýasy arkaly Azerbaýjandan gaz alyp bilýär.
Gündogar Anadoly tebigy gaz geçiriji liniýasy bolsa her ýyl Eýrandan Türkiye bazaryna 10 milliard kub metre çenli tebigy gaz iberýär.
Türkiye geljek döwürde bazara ugradylmagy ýokary bolan Gündogar Ortaýer deňizi, türkmen we yrak gazynyň Ýewropa bazarlaryna ýetirilmegi taýdan tankydy ähmiýete eýedir.
Türkiye, Orta Aziýadaky Türki döwletler bilen baglaşylan şertnamalar bilen tebigy gaz boýunça taslamalaryny giňeltmek isleýär.
Şol çäkde, Zengezur koridorynyň açylmagy bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiyä ýetirilmegi maksat edinilýär.
Bu liniýanyň Türkiyäniň milli ulgamyna birikdirilmegi bilen Türkiyäniň Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy boýunça häzirki wagtda tankydy ähmiýete eýe bolan roluny has hem berkitmegi maksat edinilýär.
Türkiye, energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny we çeşmeleriň dürlüligini üpjün etmek nukdaýnazaryndan bütin dünýäde başdan geçirilýän energiýa krizisinde ähmiýedi has aýdyň diýip pikir edilýän LNG infrastrukturasynda amatly pozisiýada.
Türkiyäniň ilkinji FSRU desgasy aýratynlygyna eýe bolan we Izmirdäki Etki port dolandyryşy tarapyndan dolandyrylýan desganyň liniýa gündelik 20 million kub metr gaz ugratmak mümkiçiligi bardyr.
Türkiyäniň işe girizen soňky taslamalaryň biri bolan Dörtýoldaky FSRU terminaly we Ertugrul Gazi gämisi bolsa, dünýäde takmynan 40 sany bolan FSRU-larynyň soňky nusgalarynyň biridir.
Ýylda takmynan 2,5 milliard kub metr gazlaşdyryş ukybyna eýe bolan Ertugrul Gazi, 170 müň kub metr LNG ammarlap bilýär. Tebigy gazyň gysylan görnüşi bolan LNG takmynan 600 gezek gysylyp, suwuk görnüşde daşalyp bilner.
Ertuğrul Gaziniň ammarlap bilýän suwuklandyrylan gazy takmynan 110 million kub metr, gäminiň gündelik gazlaşdyryş kuwwaty 28 million kub metrdir.
Izmirdäki EgeGaz LNG terminaly, 170 million kub metr gaz saklaýyş kuwwaty we gündelik eksport kuwwaty 40 million kub metr bilen Türkiýäniň LNG infrastrukturasyna goşant goşýar.
BOTAŞ tarapyndan dolandyrylýan Marmara Ereglisi LNG terminaly, gündelik gazlaşdyryş kuwwaty 37 million kub metr we her biri 85 müň kub metr kuwwatlylygy bolan üç sany ammar tanky bilen energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar.
2022-nji ýylyň ahyrynda açylan Saros FSRU desgasy hem Marmara sebitiniň üpjünçilik howpsuzlygyna ep-esli goşant goşýar.