Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Bilermenleriň ara alyp maslahatlaşan esasy mowzuklarynyň hataryna Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýa hem-de degişli kanunçylyk binýada esaslanan türkmen uglewodorod ulgamynyň maýa goýum mümkinçiligi girizildi.Mejlislerde çykyş eden öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga hem-de TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Dubaýdaky halkara çärede garalan özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agyr işlenilýän känleri özleşdirmekde, gazhimiýa taslamalaryna, TOPH transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ägirt uly “Galkynyş” känini senagat taýdan işlemegiň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmek meselesi boldy.Forumyň çäklerinde geçirilen “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” diýen “tegelek stol” hem-de hukuk we salgyt ugurlaryna degişli okuw maslahaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň bütin dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň esasy menejerleri bilen bolan gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hakyky maýa goýum taslamasydygy bellenildi.

Kanunçylyk taýdan kepillikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de hormatly Prezidentimiziň TOPH-nyň gurluşygyny şahsy gözegçiliginde saklamagy bu taslamanyň özüne çekijiligini barha artdyrýan ýagdaýlar bolup çykyş edýär.Dubaýdaky forumda daşary ýurtly bilermenler baý tebigy serişdelerini sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermek üçin peýdalanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada-da pikirlerini aýtdylar. Şunda Owganystana berilýän goldaw mysal hökmünde getirildi.

TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem-de milli Liderimiziň öňe süren ulag hem-de ynsanperwer ulgamyndaky taslamalary şol goldawyň käbir görnüşleridir.Bu halkara çäräniň dowamynda daşary ýurtlaryň birnäçe kompaniýalary nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän hem-de himiýa önümçiliklerinde kömürturşy gazynyň (СO2) howa bölünip çykarylmagyny azaltmak bilen baglanyşykly tehnologiýalaryny görkezdiler.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny işlemäge maýa goýumlaryny çekmek baradaky mesele aýratyn gyzyklanma döretdi.Häzirki wagtda bu ulgam 32 sany ygtyýarlandyrylan topluma bölünendir. Şolaryň 5-sinde daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan geologiýa-gözleg işleri hem-de känleriň özleşdirilmegi alnyp barylýar.Dubaýdaky halkara çäräniň umumy mejlislerinde, şeýle hem ulanmak mümkinçiligi bolan känleri işjeňleşdirmek, ýeriň jümmüşindäki nebit känleriniň gazylyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky taslamalara garaldy, maýa goýum taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.Halkara göçme forumyň işi bilen birlikde, wekiliýetimiziň agzalary tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildiren daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň energetika we gazhimiýa taslamalaryna gatnaşmaga ymtylýandygyny bildiren kompaniýalaryň arasynda Fransiýanyň “Total” we “TechnipFMC”, Italiýanyň “Marie Teсhnimont” kompaniýalary, şol sanda maliýe institutlarynyň serişdelerini çekmek arkaly, Italiýadan SAСE, Beýik Britaniýadan “UK Finanсe” we Germaniýadan “Deutсhe Bank” bar.

BAE-niň “Horizon Energy” we “Transpetrol”, Rumyniýanyň “Komet Group” kompaniýalary täze tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda öňden bäri ulanylyp gelinýän nebit känleriniň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga tekliplerini beýan etdiler.

Italiýanyň “Saipem” we “Pietro Fiorentini” hem-de “Dana Group” arap kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.Türkmenistanda we dünýäde örän meşhur bolan Britaniýanyň “Gaffney Сline Assoсiated” konsalting kompaniýasynyň wekili häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegi boýunça täze geofiziki maglumatlaryň seljermesiniň alnyp barylýandygy barada, munuň maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça teklipleriň toplumyny taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigi barada habar berdi.

Ogulsuraý GÖDEKOWA,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
26.02.2020 | Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti