Energetika Ministriniň ABŞ-daky Sapary Dowam Edýär

Energetika Ministriniň ABŞ-daky Sapary Dowam Edýär

Ministr Baýraktar: “Ýurdumyz maýadarlara täze özgertmeler bilen durnukly bazar we energiýa pudagyndaky öwrülşik tapgyrynda giň maýa goýum şertlerini döredýär” diýip ýazdy.

Baýraktar BMG-niň 79-ncy Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorka guran sapary hakynda X sosial media hasabyndan ABŞ-daky duşuşyklary hakynda habarnama berdi.

Nýu-Ýorkda 15-nci Türkiýe maýa goýum maslahatynyň çäginde türk we amerikaly firmalaryň ýokary dereceli ýolbaşçylary bilen telegelek stoluň başynda duşuşyklar geçirendiklerini beýan eden Baýraktar; “Maliýe dünýäsinden magdançylyga, atom energiýasyndan nebit-himiýa pudagyna çenli ähli ugurlarda iş alyp barýan firmalaryň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarymyzda esasanda gaýtadan işlenýän energiýa pudagyndaky uzak möhletli maksatnamalarymyzy gürrüň berdik. Ýurdumyz maýadarlara täze özgertmeler bilen durnukly bazar we energiýa pudagyndaky öwrülşik tapgyrynda giň maýa goýum şertlerini döredýär.

Hususy pudak Türkiýäniň energetika pudagynyň dinamiki gurluşynyň hödürleýan şertlerini selcerýän bolsa, biz hem işewür dünýäsiniň ýoluny açyp, olary goldamaga dowam edýäris” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýraktar, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiliginiň 6 million kub metrden geçendigini aýtdy