Mary şäheriniň “Energetik” toparynyň düzümine “Altyn Asyrdan” Orazmuhammet Işangulyýew, Igor Sekow, Silapberdi Goşşanow, Begmyrat Arbatow, “Ahaldan” Orazgeldi Seýidow geçdiler. Oýunçylaryň hemmesi hem toparda kärendesinde çykyş ederler.
Şeýle-de, toparyň düzümine Döwlet Baýramow, Şaweli Seýitgulyýew, Daýanç Durdyýew, Serdar Annamämmedow, Tirkiş Muhammetberdiýew (“Merw”), Batyr Geldiýew, Aşyrgeldi Ylýasow, Mämmedaly Karadanow (“Nebitçi”) hem-de Begmyrat Pirkuliýew (“Aşgabat”) dagy goşuldy.
Ýeri gelende bellesek, “Energetik” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň jemi boýunça iň soňky, sekizinji orny eýeledi.