
Geçen möwsüm ýurdumyzyň futbol çempionatynda soňky, sekizinji orny eýelän Mary şäheriniň “Energetik” topary gyşky transfer möwsüminde düzümine tejribeli oýunçylaryň birnäçesini geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Şeýlelikde, “Energetigiň” düzümine “Merwiň” 7 oýunçysy geçdi Rahmet Şermetow, Bahtyýar Hojaahmedow, Döwletgeldi Mirsultanow, Begenç Temriýew, Arslan Ýusupow, Samed Samedow, Melis Rizaýew.
“Şagadamdan” Guwançgeldi Ýagmyrow, “Aşgabatdan” Şamämmet Agamämmedow hem-de 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde “Şagadam” toparynda çykyş eden Musa Nurnazarow hem hünär ýollaryny “Energetik” toparynda dowam ederler.
Mundan başga-da, “Energetik” topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.