Ene ýörelgesi-edep ýörelgesi

Ene ýörelgesi-edep ýörelgesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Ene ýörelgesi-edep ýörelgesi” atly maslahaty geçirildi.

Maslahatda cykyş edenler, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurmagy, türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrülýändigini hem-de Beýik ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr diýip uly buýsanç bilen beýan etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI
Mirziýoýew we Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler, belarus žurnalistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan mediaforuma çagyryldy we beýleki habarlar
Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy
Ogulgerek Berdimuhamedowa gaýynenesiniň nesillere miras goýan gymmatlyklaryny Döwlet muzeýine gowşurdy
Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik
SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN