Ene süýdi bilen süňňüne ornan

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatryna (ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatry) baranymda, göz öňümde ömürlerini hut şu teatrda işläp geçiren, türkmen teatr sungatyny ösdürmeklige uly goşant goşan, atlary uly guwanç we buýsanç bilen tutulýan meşhur artistler Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sona we Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Ýelizaweta Garaýewa, Gylyç Berdiýew, Muhammet Çerkezow, Kakabaý Durdyýew, Ata Durdyýew we ýene-de ençeme ussatlar janlanýar.

Olaryň haýsy birini ýatlasaň, bu artistleriň gözel tebigatyň eçilen zehinini özleriniň hünärine bolan höwesleri, janaýamazak gözlegleri bilen kämilleşdirendigini, tomaşaçylaryň ýüreginde ýer etmek üçin arman-ýadaman işländigini duýmak bolýar.Yhlasa myrat diýlişi ýaly, olar keşbini janlandyrýan gahrymanynyň içki dünýäsine aralaşyp, her bir tomaşaçyda üýtgeşik duýgyny, sungata bolan söýgini arçamagy başardylar. Şeýle bolansoň ol ussatlaryň atlary türkmen teatr sungatynyň, medeniýetiniň taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy, tomaşaçylaryň aňynda öçmez-ýitmez keşpleri galdy.

Şeýle artistleriň biri hem Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowdyr. Ol türkmen milli teatr sungatynyň düýbüni tutan, onuň ösdürilmegine uly goşant goşan ilkinji halypalaryň biri. Guýmagursak zehini bilen köpleri haýran eden meşhur halypa şeýle belent derejelere nädip ýetdikä? Muny bilmek her bir okyjy üçin gyzykly bolsa gerek.

Türkmeniň gök begrese bürenip, ýaýylyp ýatan giň sähraýy meýdanlarynda eline çopan taýagyny alyp, mal yzynda gezip ýören dokuz-on ýaşlaryndaky Amanyň çaga kalbynda adamlara şatlyk paýlamak duýgusyny kim oýardyka?

Belki, ol kakasynyň wagtal-wagtal gargy tüýdükde çalýan sazynyň hoş owazyndan täsirlenendir? Ýogsam beýik daglaryň düýbünde ýerleşýän Ýylgynkäriz atly kiçijik obanyň baýyrlygynda özi ýaly oglanlar bilen çopan taýajygyny oýnadyp ýören oglanjygyň deň-duşlary bilen aşyk oýnamakdan başga pişesi bolmajak ýaly.

Ol welin saza hiňlenen bolardy, hemişe-de: Meniň-ä adamlar bilen köpräk gürleşesim, kitap okasym gelýär diýerdi.Belki-de kiçijik Amanyň ýüreginde ýygy-ýygydan öýlerine myhman bolýan ussat Salyr bagşynyň hoş owazly aýdymlaryny gije birçene barýança kakasynyň dyzyna kellesini goýup diňläninde şeýle ajaýyp pikir möwç alandyr?

Kakasy Gulmämmet aga-da gargy tüýdük, dutar çalmakda ussat eken, belki-de, meşhur bagşy-sazandalaryň bularyň öýünde ýygy-ýygydan bolup, aýdan aýdymlary, çalan sazlary ýaş oglanyň beýnisine ornandyr?Aman özüniň bularyň girdabyna düşendigine hem-de olaryň ussatlygyna hemişelik baş egjekdigine entek düşünip baranokdy. Ýöne şu bagşy-sazandalar ýaly ynsanlara owadan dünýäniň ajaýyplyklaryny açyp görkezesi, dutaryň näzik owazy, şirin aýdym, ykbalyň bagtly pursatlary, söýgi, wepalylyk baradaky rowaýatlar bilen şatlandyrasy gelýärdi.

Gazalçy bagşylaryň Zöhre-Tahyryň beýik söýgüsi barada, Leýli-Mejnunyň keç ykbaly barada, halk goragçysy Keýmir Körüň, batyrgaý Göroglynyň edermenlikleri baradaky aýdýan rowaýatlary, gazallary ýaş ýigdekçäni hasam özüne çekýärdi. Gahrymanlaryň keşplerini janlandyrasy, ähli babatda olara meňzäsi gelýärdi. Şeýle joşgunly arzuwlar bilen çagalyk döwrüniň bahar ýelleri ýaly ýüzüni sypap, tamamlananynam duýmady.

Aman dogduk obasynda çopançylyk bilen meşgullanyp ýörşüne dünýägaraýşyny giňeltmegiň, okuw bilen ymykly meşgullanmagyň arzuwy bilen ýaşaýar.Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Gökdepedäki mekdep-internatda birsalym okaýar, emma kakasy ony ýene-de oba alyp gaýdýar.

Eýýäm ylym-bilime ýykgyn eden ýigdekçäniň okasy, gün-günden öňünde açylyp barýan ylym dünýäsiniň çuňňur syrlaryna aralaşasy gelýär.Kakasynyň-a ony obadan goýberesi gelenok.Nätmeli?diýen sowal onuň öňünde keserip örboýuna galýar. Şeýdibem, Aman Aşgabada okuwa gaýdýar.

Paýtagtda oňa bir heýkeltaraş hossar çykyp, ony öz ugrundan okamaklyga, ýagny heýkeltaraşlygyň inçe syrlaryny öwretmek maksady bilen sungat mekdebine äkidýär. Ýaş oglan mekdebe kabul edilýär.Emma suratkeşlige, arhitektura ukyby bolmadyk Aman mehaniki tehnikuma geçýär, ol ýerdäki drama gurnagyna uly höwes bilen gatnaşýar.

Emma ýüregi diňe tomaşaçy küýseýän ýetginjek A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň ýanynda türkmen studiýasynyň açylandygyny eşidip, şol ýere gaýdýar. Özi ýaly ýetginjekler bilen halypalaryň sapaklaryna işeňňir gatnaşýar, öz arzuw-hyýalynyň hasyl bolup barýandygyna begenýär.

Soňlugy bilen Türkmen drama teatrynyň açylmagy bolsa Aman Gulmämmedowyň artist hökmünde ykrar edilmegine getirýär.

Gogolyň Derňewçisini, Şekspiriň Otellosyny, G.Muhtarowyň Allan aganyň maşgalasy spektakllaryny Aman agasyz göz öňüne getirmek kyn. Üç sany biri-birine meňzemeýän häsiýetli keşpleri ussat artist her bir gahrymanyň ýürek duýgularyny inçelik bilen, göze ilmeýän täsin hereketler bilen tomaşaça ýetirmegi başaryp, olaryň hem artist bilen birlikde şol keşplere girip gitmegine ýol açýar. 1955-nji ýylda bu spektakllar Moskwada geçirilen çykyşlarda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar we teatr tankytçylary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

Bu spektakllardaky baş gahrymanlaryň keşbini döreden Aman Gulmämmedow bolsa Lenin ordeni bilen sylaglanýar.

Meşhur sahna ussady özüniň manyly ömrüniň dowamynda iki ýüzden gowrak keşbi döredip, talapkär tomaşaçylaryň garamagyna hödürleýär.Onuň döredijilik gözýetiminiň giňdigi hemmeleri haýrana goýýar.Sebäbi haýsy häsiýetdäki keşp bolaýsyn, onuň üçin parhy ýok.

Derňewçidäki Gorodniçiými ýa-da dünýä belli Otellomy, ýogsa-da halkyna bolan söýgi bilen ganatlanyp, erkin Watan hakynda arzuwlan şadyýan, kalby mähirden doly Keýmir körmi, inçe duýguly, ylahydan ylham berlen, ezýet çeken we mert Magtymgulymy – olaryň haýsy birini alsaň hem olar şeýle bir ynandyryjy we ýatda galyjy bolup janlandyrylan keşplerdir.

Aman Gulmämmedow ýarym asyrdan gowrak wagtlap Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda diňe bir artist hökmünde däl, eýsem, başarjaň ýolbaşçy, janypkeş režissýor hökmünde işlemek bilen, teatrda belli artistler Ata Alowowyň, Welmyrat Amanowyň, Enejan Orazmyradowanyň, Abdylla we Tylla Ýakubowlaryň, Orazgül Abbasowanyň, Muhammet Bekiýewiň we başga-da birnäçe artistleriň kämilleşmeginde we belent sepgitlere ýetmeklerinde, milli teatry tomaşaçylaryň iň bir söýgüli ýerine öwürmekde uly işleri bitirdi.

Ol Watanyň hem-de halkyň öňünde yhlasly zähmet çekendigi üçin Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň, Döwlet baýragynyň, birnäçe ordenleriň we medallaryň eýesi bolýar.

Teatr onuň ikinji öýüdi.Oňa wagt azlyk edýärdi.Onuň etjek işleri köpdi.Ol oýnan keşplerini az görýärdi, dünýä belli awtorlaryň eserlerindäki iň kyn keşpleri gözleýärdi, şolar bilen öz sungatyny baýlaşdyrasy gelýärdi.

Ol hemişe gözlegdedi.Tapýardam, döredýärdem.Perzentleri Baýram bilen Myrada-da wagt tapýardy.Köplenç olary teatra äkiderdi.Baýram kakasynyň ýanynda suratkeş bolup işledi, Myrat bolsa tehnika ugrundan işleýär.

Tüweleme, ynha, agtyklarymyz, çowluklarymyz bar.Olar hemişe atalary barada gürrüň bermegimi soraýarlar, ony ýagşylykda ýatlap buýsanýarlar diýip, Aman aganyň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Maral Gulmämmedowa aýdýardy.

Ýagşy adam ýatdan çykmaz diýleni. Ynha, Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sahna ussady, türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Aman Gulmämmedowyň türkmen halkynyň öňünde, Watanymyzyň öňünde, teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, başlangyçlary, tejribesi teatryň artistleri tarapyndan öwrenilip dowam etdirilýär.

Makalamyzyň başynda kiçijik Amanyň gursagyna adamlara şatlyk paýlamagy kim guýduka diýen sowala jogap bermäge synanyşypdyk.Pikir ýumagyny çözledigiňçe, adamyň kalbyna guýlan guýmagursak zehin dünýä inen günüňden enäniň aýdyp berýän mylaýym hüwdüsiniň ene süýdi bilen süňňüňe ornaýan sazlaşygyndan döreýän bolmaly diýen netijä gelýärsiň.

Ol hem seni meşhurlyga ýetirýär.Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow hem şeýle meşhur, beýik ynsanlaryň biri bolup, ýurdumyzyň milli teatr sungatynyň, medeniýetiniň, türkmen halkynyň buýsanjy bolup, ady asyrlarboýy ýaşar.

Halypa artist her bir etrap merkezinde, oba ýerlerinde halk teatrlarynyň işlemegi, türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek üçin ýaş oglan-gyzlary bu ugurlara köpçülikleýin çekmekligi, ata-baba mirasymyzy içgin öwrenmekligi, türkmen teatrlarynda goýulýan spektakllaryň adamlaryň ruhuny ösdürmekde uly ornunyň bolmalydygyny ündedi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Aman Gulmämmedowyň ündewleri wysal boldy.Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etrapdyr obalarynda lowurdap duran medeniýet ojaklary bar, türkmeni dünýä tanadýan sungat ussatlarymyz bar. Öten-geçen ussatlary ýagşylykda ýatlap, tirsegine galdyrmakda, olara goýulýan hormat-sarpany beýgeltmekde bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Ogulbaýram Taganowa, žurnalist.

The post Ene süýdi bilen süňňüne ornan appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Guýmagursak zehinli ynsan
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Sahna belentligi
Sungata örklenen ömür
Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aktrisa aradan çykdy