Ene mähri

Türkmen topragy Hak nazary siňen toprakdyr.Hudaýa şükür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýarys.Indi otuz ýylyň içidir güneşli Diýarymyzda Garaşsyzlyk taglymaty ýaşaýar, işleýär, döredýär, özgerdýär, haýran galdyryjy ösüşleri amala aşyrýar.

Garaşsyzlygyň beren bagtyny öz ykbalynda duýmadyk, onuň gudratyny aňmadyk ýok bolsa gerek. Çünki taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda mähriban enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi we ýaş nesilleri zamanabap terbiýeläp ýetişdirmegi üçin zerur şertler döredildi.Gahryman Arkadagymyzyň Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr diýen sözleri bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýakymly duýgulary bagyş edýän günlerinde mährem zenanlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary şirin mukam bolup ýaňlanýar.Sebäbi enäniň daň säherdäki dilegi, arzuwy dünýäniň abatlygy, adamzat nesliniň rowaç ýaşaýşy. Çünki ýurt parahat bolanda ene ýüregi rahat bolýar. Çagasyna bagtly ýaşaýşy, bir ömri sowgat beren eneleriň söýgüsi, arzuwy diňe abatlyk we saglykdyr.

Eneler dünýäniň bezegi, eneler mähir ummany, eneler sözlese, dünýä mähre beslenýär, eneler hüwdä hiňlenseler, perzentler rahat uka batýarlar.Eneler şirin hüwdüleri bilen dünýäde gowulygyň höküm sürýändigini kalbymyza guýýarlar.

Ol enäniň arassa, päk kalbyndan çogup çykan jadylaýjy owazydyr, enäniň döreden beýik sungat eseridir.Hormatly Prezidentimiziň Enä tagzym mukaddeslige tagzym atly ajaýyp eserindäki Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar diýen dürdäne setirler kalbyňa nur bolup siňýär. Şonda ene alkyşlaryna beslenen dünýäniň goýnunda bagtyýardygyňa ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

Dünýä inen çaganyň ilki bilen nazarynyň didarlaşýan ýüzi, onuň üçin ýerdäki perişdesi bolan mähriban enesidir.Ene perzentleriniň her birine ýüreginiň bir burçunda orun berer, şeýdip olary ene kalbyndan gaýdýan mähir ýylysy bilen çoýar.

Bu bolsa ösüp barýan çaga üçin howa ýaly zerurdyr.Jadyly ene mähri çaganyň ruhuny berkidýär, onuň kalbyna mähir-muhabbet çaýýar, galkan deý ýaman gözden, erbet dilden goraýar.Bu zatlaryň hemmesi ene gudraty dälmi näme?!

Bir gezek akyldarlaryň birinden iň uly güýjüň nämedigini soranlarynda ol: Enäniň söýgüsi – iň uly güýç. Ösümlikler üçin Günüň ýyly çogy nähili ähmiýetli bolsa, körpeje çaganyň ösüp-ulalmagy üçin hem ene mähri gerek diýip jogap beripdir.

Mahmyt Zamahşarynyň Ýagşyzadalaryň bahary atly kitabynda Ata güýç-kuwwat taýdan eneden rüstem bolsa-da, ene mähir-mylaýymlyk babatda atadan rüstemdir diýýär.

Bütin dünýäni özüniň mähri bilen çoýup bilýän enäniň mährine, söýgüsine deňäp boljak zat barmyka? Enäniň ýüregi öz perzentleri bilendir. Seniň kyn günüňde gynanýan, şat günüňde begenýän bu ynsan aýra düşeniňde-de goldaýan ekeni.

Perzendini dokuz aý göwresinde göterip, ýagty jahana inderen, sansyz ukusyz gijeler seni hüwdüläp daňyny atyran, göwsünden ak süýt berip, il hataryna goşan beýik Ynsan ynjamasyn, bar wagty olaryň gadyryny biliň.

Ene saňa ýeke gezek berilýär,

Söý eneňi, söýmegiňi dowam et.

Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň,

Enesini ýitirenden sowal et.

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusynda görkezişi ýaly, enäni söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsan üçin parzdyr. Perzendiň bagty onuň ata-enesine goýýan hormatynda bolýandyr.

Ene hakda näçe ýazsaň-da az.Asyl-ha eneleriň waspy soňlanmajak dessandyr.Ene bolup ýurduňa, Gahryman Arkadagyňa, perzentleriňe guwanyp ýaşamak bolsa, gör, nähili bagt!Goý, Gahryman Arkadagymyzyň gül göwnünde söýgülenip, arzylanyp ýaşaýan eziz enelerimiziň perzentleri, il-halk, Watan baradaky dogaýy dilegleri, alkyş-arzuwlary kabul bolsun!

Goja Zeminiň görki eziz käbelerimizi hormatlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Jumagül Hojaýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar

boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň

ussat mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi
Dünýäniň iň uly aýsbergi
Watan başlarymyzyň täji
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Stambulda täze türkmen pasportunyň berilýändigi barada bildiriş ýaýradyldy