Ene-atalar çagalar baglaryndaky ýaramaz şertlerden şikaýat edýärler

Ene-atalar çagalar baglaryndaky ýaramaz şertlerden şikaýat edýärler

Türkmenbaşyly ene-atalar şäheriň mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň hiliniň pesliginden, hem-de iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň we arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň 28, 2, 5 we 8 belgili mekdebe çenli bilim edaralarynda onlarça ene-atanyň ýaňy-ýakynda şeýle şikaýatlar bilen Türkmenbaşynyň Bilim bölümine ýüz tutandyklaryny habar berýär.

Arzalaryň mazmuny bilen tanyş bolan habarçymyz şäheriň çagalar baglarynda we çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan ýaramaz şertlerinden habar berýär.

Ene-atalara görä, ýaş çagalar terbiýeçilik edaralarynda özleriniň terbiýeçiler tarapyndan urulýandygyny aýdýarlar.

“Mekdebe çenli bilim edaralaryna gatnaýan çagalar terbiýeçileriň özlerini dowamly urýandygyny, iýmitiň ýaramazdygyny aýdýarlar” diýip, ene-atalar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Şol bir wagtda, ene-atalar çagalar bakja-baglarynda kiçi ýaşly körpeleriň arlyklarynyň öz wagtynda çalşyrylmaýandygyny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar çagalaryň diňe bir ideg we arassaçylyk işleriniň däl, eýsem, olaryň akyl we beden taýdan ösüşini kemala getirmek üçin zerur bolan okuw sapaklarynyň hem hiliniň pesdigini aýdýarlar.

“Dört ýaşdan uly çagalar toparlaryndaky körpelere ertekiler, goşgular ýa-da aýdymlar öwredilmeýär” diýip, ene-atalar aýdýarlar.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralary bir ýaşdan alty ýaşa çenli körpelere degişli bolup, olar çaganyň akyl we beden taýdan ösüşiniň kemala getirilmegini, çagada ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Ýöne türkmenbaşyly ene-atalaryň arza-şikaýatlary çagalar baglarynda körpeler üçin döredilen şertleriň esasy ülňülere we talaplara gabat gelmeýändigini görkezýär.

Ýerli terbiýeçilik edaralarynda ýene bir ýagdaý ene-atalary alada goýýar. Köp sanly ene-ata öýlän sagat 15:45-den soň çagalary öýlerine alyp gaýdyp başlaýar. Olar sagat 16:00-dan soň çagalar baglarynda terbiýeçileriň tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Olar çagalary howludaky garawuldan alyp gaýtmaly bolýarlar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň mekdebe çenli bilim edaralary iki görnüşli bilim maksatnamasyny öz içine alýar. Bir ýaşdan bäş ýaşa çenli mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşine we okuwyna üns berilse, bäş ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar başlangyç mekdebe taýýarlanýarlar. Çagalary başlangyç mekdebe taýýarlyk Türkmenistanda hökmany talap bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ene-atalaryň arza-şikaýatlary bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek üçin Türkmenbaşynyň Bilim bölüminiň bir hünärmeni bilen gürrüňdeş boldy.

Hünärmeniň sözlerine görä, Bilim bölüminiň administrasiýasy arzalara seredýär we olar boýunça çäre görmegi wada berýär. Bilim bölüminiň işgärleri çagalar baglary üçin, arassaçylyk serişdeleriniň we iýmit önümleriniň üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan gijikdirilýändigini aýdýarlar.

“Käbir çaga iýmitleriniň we arassaçylyk serişdeleriniň berilmegi döwlet tarapyndan gijikdirilýär. Terbiýeçiler meselesini hem düzetjek bolýarys” diýip, özüni Mahym diýip tanyşdyran bir bilim hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şäherdäki çagalar baglarynyň bir terbiýeçisi terbiýeçilik edaralarynyň üpjünçilik meseleleri bilen bagly emele gelen ýagdaýlar boýunça çagalar bagynyň ýolbaşçylaryny we aşpezlerini aýyplaýar.

Terbiýeçi zenan edaralaryň jogapkär işgärlerini çagalar üçin bölünip berilýän arassaçylyk serişdeleriniň we iýmit önümleriniň, şol sanda et we gök-bakja önümleriniň agramly bölegini öz hasaplaryna geçirmekde aýyplaýar.

“Iberilýän serişdeleriň tas 60-70 göterimi ogurlanýar. Öýlerine alyp gidýärler” diýip, terbiýeçi aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Bilim bölüminden goşmaça teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Çagalar öýünde gören görgülerim'. Türkmenistanda ýetim çagalar zorluga duçar bolýar
Saz rowaýatyndaky sungat hakykaty
Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar