Emomali Rahmon: Täjigistan BMG-niň dünýädäki ornunyň pugtalanmagy ugrunda çykyş edýär

Emomali Rahmon: Täjigistan BMG-niň dünýädäki ornunyň pugtalanmagy ugrunda çykyş edýär

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan dürli ugurlarda, şol sanda suw we howa babatda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçdi. Taraplar Duşenbe suw prosesiniň mundan beýläk-de ilerledilmegi hem-de 2028-nji ýylda Täjigistanyň paýtagtynda BMG-niň suw gorlary boýunça maslahatyny geçirmek barada pikir alyşdylar.

Mowses Abelýan bu maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirdi. Emomali Rahmon öz gezeginde Täjigistanyň Milletler Bileleşiginiň halkara işlerde ornunyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň tarapdaryny nygtady we guramanyň dünýäde parahatçylygy hem durnuklylygy gorap saklamakda tagallalaryna ýokary baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Täjigistan BMG-niň agza ýurtlaryny Duşenbede geçjek buzluklar boýunça maslahata çagyrdy
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler