Emmanuel Makron: "Krizisler tapgyryndan geçýäris" diýdi

Emmanuel Makron: "Krizisler tapgyryndan geçýäris" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron "France 2" telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň ýurduna ýetirýän ýaramaz täsirleriniň üstünde durup geçdi.

"Şu gün garaşlylyklarymyzyň netijesi bolan inflýasiýadan geçýäris" diýip aýdan Emmanuel Makron, inflýasiýanyň Fransiýada takmynan 6,5 göterimdigini, Ýewro zolagynda bolsa takmynan 10 göterimdigini habar berdi.

Hojalyklar üçin elektrigiň we tebigy gazyň bahalaryndaky artyşyň 2023-nji ýylyň ilkinji aýlarynda iň köp 15 göterim boljakdygyny aýdan Emmanuel Makron, şol bahalaryň kiçi göwrümli kärhanalary hem öz içine aljakdygyny mälim etdi.

Kärhanalardaky tebigy gazyň we elektrik toklaryň bahalaryndaky ýokarlamany amortizasiýa etmek üçin täze bir mehanizmi durmuşa geçirjekdiklerini aýdan Emmanuel Makron, energiýa bahalarynyň ýokarlamagyna garşy sürüjiler we uly kärhanalar üçin etjek täze ädimleri barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Makron ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança wezipesinde galjakdygyny yglan etdi
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy