Eminli Logistics logistika pudagynda amatly çözgütleri hödürleýär

Eminli Logistics logistika pudagynda amatly çözgütleri hödürleýär

Eminli Logistics türkmen ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy müşderilere logistika hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ýükleriň öz wagtynda daşalmagyny, hilini, howpsuzlygyny we gözegçiligini üpjün edýär.

Ähli tapgyrlarda müşderilere bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan ökde hünärmenler hyzmat edýärler. Olar müşderi bilen hemişe aragatnaşyk saklap hem-de ýükleriň daşalmagynda her bir ýagdaý babatda habarly bolup, ýük daşamak sargydyndan başlap, tä onuň iberilmeli nokada eltilip düşürilmegine çenli gözegçilik edýärler.

Ýükleri eltmegiň iň gysga wagty kompaniýanyň şahsy hem-de kärendä alýan ulaglarynyň, şol sanda çadyrly, refrižeratorly, konteýnerli, bortly ulaglaryň, şeýle hem konteýner daşaýjylaryň we bitum daşaýjylaryň ulanylmagy arkaly üpjün edilýär.

Ýetirilýän hyzmatlaryň hataryna şular girýär: toparlaýyn we kiçi göwrümli, howply we gabarasyz ýükleri daşamak, olary birleşdirmek, ýükleri ýörite kesgitli temperatura şertlerinde daşamak, şeýle hem ýük ýüklemek we düşürmek amallaryny guramak hem-de müşderiler üçin ýöriteleşdirilen/korporatiw nyrhnamalar.

Eminli Logistics Türkmenistanyň, GDA-nyň islendik ýerlerine, şeýle-de Günbatar we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak üçin iň gowy logistika çözgütlerini ulanýar. Müşderileriň geografiýasy we degişlilikde ýükleri daşamak Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Belgiýa, Germaniýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýa, Gollandiýa, BAE, Rumyniýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Ispaniýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlary öz içine alýar.

Işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, kompaniýa diňe bir esasy işewürlik amallaryny däl-de, eýsem goşmaça kömekçi işlerini hem gowulandyrýar. Mysal üçin, hasaplaşyklar, töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrma, maglumat alyşmak, ulgamynda döwrebap çözgütleri tapýar. Bu bolsa öz çykdajylaryny optimizirlemegiň hasabyna müşderiler üçin logistika meselelerine arzan we ygtybarly çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Eminli Logistics kompaniýasynyň müşderilerini her bir sargyda toplumlaýyn we her bir müşderä aýratynlykda çemeleşmek, loýallyk programmasy, 24/7 aragatnaşyk, netijeli hyzmat, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ähmiýet bermek ýaly iş aýratynlyklary özüne çekýär.

Eminli Logistics ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga başlamak üçin müşderi arza iberýär, sargyt maslahatlaşylandan soň bolsa, şertnama baglaşylýar.

Kompaniýanyň salgylary: Aşgabat ş., Ý.Durdyýew köçesi, 54-nji jaý, Ýüpek ýoly binasy, 3-nji gat. Telefon belgisi: (+993 63) 56 11 19. Elektron poçta salgysy: info@eminli.com.tm.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri Özbegistanda geçiriljek sergide görkeziler
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat 
Aşgabatda iri möçberli halkara ulag forumy geçirildi
Aşgabatda halkara ulag forumynyň ikinji güni dowam edýär
Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara maslahaty geçirmäge taýýarlyk görýär