Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Arakiniň üstümizdäki aýa çenli eýranly we türkmenistanly ekspertleriň iki ýurduň arasyndaky gaz dawasynda taraplaryň aratapawudyny derňejekdigini we bu meselede kazyýetsiz ylalaşyga barylmagyna umyt edýändigini aýdandygyny Eýranyň IRNA habar agentligi 24-nji aprelde habar berdi.
Žurnalistleriň öňünde çykyş eden Araki türkmen gazynyň hiline-de degip geçip, eger-de gazyň hili ýaramaz bolsa, onda käbir jerimeleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy. Ýöne Aşgabat gazyň hilini ýokarlandyrmagy wada berdi, öz gezeginde Tähran muňa jogap edip, jerimäniň mukdaryny kemelder diýip, Araki belledi.
Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Araki mundan ozal-da, has takygy 2017-nji ýylyň 5-nji noýabr güni eden çykyşynda, Türkmenistan bilen dörän gaz dawasyny sud zalynda däl-de, onuň daşynda maslahatlaşyp, gepleşikler arkaly çözmek isleýändigini mälim edipdi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Подписывайтесь на Телеграм канал Азатлыка
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawalary boýunça çözülmedik wawwaly mesele bar.Ozalam mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gowşady.
Aşgabat Tährandan 2007-nji ýylyň gyşynda ulanan türkmen gazy üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, Eýran bolsa aýazly gyşda goňşusynyň gazyň bahasyny ylalaşykda kesgitlenen nyrhdan dokuz esse gymmatladandygyny öňe sürýär.
Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, onda “2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýipdi.
2017-nji ýylyň maý aýynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki üç mesele boýunça, ýagny gazyň bahasy, gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren zyýany we türkmen gazynyň hili boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy.
Ýöne aradan alty aý geçensoň, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda, işi kazyýete geçirmezden gepleşik arkaly düşünişmek isleýändigini mälim etdi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Мобильное приложение Азатлыка Установите и будьте в курсе событий
2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne türkmen prezidentiniň geçiren hökümet maslahatynda, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky “gaz gepleşiklerine” salgylanyp “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Eýran yslam respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça Türkmenistanyň ägirt uly mukdarda algysynyň bardygyny aýtdy.
Maslahatyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Arçaýew “Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi. Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara arbitraž suduna ýüzlenmegi teklip edýärler” diýip çykyş etdi.
Türkmen prezidenti şonda “Türkmengazyň” ýolbaşçysyna Eýranyň Halkara arbitraž suduna ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda “anyk tabşyryklary” beripdi.
2018-nji ýylyň 19-njy martynda Eýranyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganeniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenistana sapar edip, ýurduň daşary işler ministrliginde gepleşik geçiripdi.