EMGK-nyň başlygy Türkmenistan bilen gaz dawasynyň sudsuz çözülmegine umyt bildirýär

24-nji aprelde Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamid-Reza Araki indiki aýa çenli türkmen we eýrän ekspertleriniň taraplaryň gaz dawasyndaky özara nägileliklerini we oňuşmazlyklaryny öwrenmeklerine hem-de konfliktiň sud seljerişligine ýertmezden çözülmegine umyt bildirdi.

Bu barada Eýranyň resmi IRNA habar agentligi habar berdi.

Araki ýene bir gezek Türkmenistanyň iberýän gazynyň hiliniň pesliginden şikaýat etdi we şu sebäpden eýran tarapynyň Aşgabada goşmaça jerime salandygyny belledi. “Emma Türkmenistan gazyň hilini gowulandyrmagy wada berdi, biz hem öz gezegimizde jerimeleriň möçberini azaltjagymyzy aýtdyk” diýip EMGK-nyň başlygy aýtdy.

Mundan öň Eýranyň nebit senagaty ministri Bijan Zangene hem türkmen gazynyň hiliniň pesliginden nägilelik bildiripdi.

Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz konfliktiniň başynda eýran tarapynyň wekilleri Türkmenistany halkara arbitraž suduna bermek hakynda gaýta-gaýta haýbat atdylar.

Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard dollar möçberindäki bergisini tölemegi talap edeninden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawasy tyrdy.

Eýran metbugatynyň habar bermegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň, taraplar özara ylalşyga geldi.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana iberýän gazyny kesdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran arbitraž suduna Türkmenistanyň garşysyna jogap şikaýatyny iberdi
Eýran Türkmenistany Halkara arbitraž suduna bermekçi bolýar
“Türkmengaz” EMGK-nyň üstünden Halkara arbirtaž suduna şikaýat edýär
Gaz bahasyny arzanlat diýip, EMGK ýene Türkmenistana sud haýbatyny atýar
Eýranyň prezidenti Meredowa harytlary we hyzmatlary, şeýle-de gaz alyşmak ylalaşygyny teklip etdi
Şu gün türkmen delegasiýasynyň Eýrana resmi sapary başlanýar
EMGK-nyň başlygy TOPH-a şübhe bildirdi we türkmen gazyny Eýrana alyşmak üçin ibermegi teklip etdi