EMGK-nyň başlygy TOPH-a şübhe bildirdi we türkmen gazyny Eýrana alyşmak üçin ibermegi teklip etdi

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ýerine ýetiriji direktory Hamid Reza Araki TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçiriljegine şübhe bildirdi we Türkmenistanda Pakistana gaz ibermegiň gaz alyşmak usulyny teklip etdi. Bu barada 29-njy aprelde IRNA habar berdi.

Şeýle-de Araki gaz alyşmak arkaly gaz ibermegi gysga wagtda ýola goýup boljakdygyny belledi.

Araki şu aralykda, bäş gün ozal indiki aý türkmen we eýran ekspertleriniň indiki aýda taraplaryň gaz dawasyndaky özara nägileliklerini we oňuşmazlyklaryny öwrenjekdiklerini aýtdy hem-de konfliktiň sud seljerişligine baryp ýetmezden çözülmegine umyt bildirdi.

Edil şol günlere golaý hem “talyban” söweşijileriniň häkimiýetlere tabyn bolan we Hyrat welaýatynda, Owganystanyň günbatarynda ýaraşyk prosesine goşulan toparynyň ýaraglanyp, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna garşy hereket etmek üçin Eýrandan görkezme alandygy mälim boldy.

Alyşmak arkaly gaz ibermek göni gaz ibermek mümkinçiligi bolmadyk halatynda, gaz alyş-çalyş etmek üçin ulanylýar. Eýran babatda aýdylanda, bu türkmen gazynyň başda Eýrana iberilmegini,Eýranyň bolsa şol möçberdäki öz gazyny Pakistana ibermegini aňladýar. Bu usul Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Pakistana tranzit gaz geçirijisini gurmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

Ýene degişli makalalar

Gaz galmagalyndan soň Eýran Türkmenistanyň energiýa bazaryndaky ýagdaýyny synlaýar
Eýran arbitraž suduna Türkmenistanyň garşysyna jogap şikaýatyny iberdi
“Türkmengaz” EMGK-nyň üstünden Halkara arbirtaž suduna şikaýat edýär
Eýranyň prezidenti Meredowa harytlary we hyzmatlary, şeýle-de gaz alyşmak ylalaşygyny teklip etdi
Şu gün türkmen delegasiýasynyň Eýrana resmi sapary başlanýar
EMGK-nyň ýolbaşçysy türkmen-eýran gaz dawasynyň sudlaşmazdan çözülmegine umyt baglaýar