Türkmenistanyň uçar, gämi, demirýol, awtobus we taksi gatnawlarynda döredilen emeli päsgelçilikler, emelsiz dolandyryş zerarly, ýüz müňlerçe ýolagçy wagt ýitirýär, artykmaç harajat çekýär, ilatda häkimiýetlere bolan hormat-sylag, ynam azalýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Türkmen metbugatynyň ýapyklygy, häkimiýetleriň garaşsyz metbugata düşündiriş bermekden saklanyp, döwlet eýeçiligindäki metbugatda gaýtalaýan 'ösüş sanlary', diňe bir demirýol pudagynda döredilip bilinjek täze iş orunlarynyň döredilmezligi kime peýda diýip, synçylar soraýar.
“Koronawirus pandemiýasyndan öň Aşgabat-Serhetabat ugrunda gatnaýan 601-nji ýolagçy otlusynyň düzüminde 16-18 wagon bolardy, häzirki wagtda bu wagonlaryň sany 8” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýazýar.
Bu ýurt paýtagtyndan öňki Guşga gatnaýan ýolagçy otlusynyň wagonlarynyň sanynyň iki esse azalandygyny aňladýar. Aşgabat-Serhetabat otlusy gije-gündiziň dowamynda bir gezek ugrap, kadaly ýagdaýda 19 sagat 30 minutda menziline barmaly, emma otly ýolda birnäçe sagat köp bolýar diýip, habarda aýdylýar.
Otlynyň tizligi, aýdylmagyna görä, Tejen we Tagtabazar etraplarynda haýallýar, demirýolçular tizligiň peselmegini ýoluň aşa könelmegi, wagonlaryň azlygyny bolsa olaryň ýetmezçiligi, ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmazlygy, bejeriş we hil meseleleri bilen düşündirýärler.
Demirýol, awtobus, taksi hyzmatlarynyň hili, emeli ýagdaýda döredilen bökdençlikler, netijesiz döwlet eýeçiligi zerarly, ýurduň ykdysadyýetine, ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagyna 'aýakbagy bolýar we bu ýagdaýy görmezlik indi mümkin däl' diýip, synçylar aýdýar.
Oba, etrap şäherara gatnawlary 'uly meselä' öwrülýär
Azatlygyň habarçysy, şäherara gatnawlarynyň ähmiýetini öwrenmek maksady bilen, ýurduň gür ilatly Mary we şäher aglomerasiýasy bilen tapawutlanýan Lebap welaýatlarynyň häkimliklerindäki, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli sebitlerdäki edaralaryndaky hünärmenler, ynamdar çeşmeler bilen söhbetdeş boldy.
Mary welaýatyndaky çeşmeleriň aýtmagyna görä, bu sebitiň merkezi Mary şäheri bu günki günde şäher ýakasyndaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň esasy iş, okuw, saglygy bejeriş we dynç alyş merkezi bolup durýar.
Oba ýerlerindäki iş ýerleriniň ýylyň-ýylyna azalmagy we obadaky gazanç mümkinçiliginiň görülmedik derejelerde peselmegi, şeýle-de okuw we saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň hiliniň has pese gaçmagy etraplaryň ilatyny barha kän şähere gatnamaga iterýär.
Murgap jülgesiniň gür ilatly Sakarçäge, Murgap, Baýramaly, Mary, Garagum, Türkmengala etraplaryndan şäher bazarlaryna, söwda merkezlerine, jemagat hojalygynyň hyzmat ediş işlerine, gurluşyk işlerine her gün on müňlerçe işçi gatnaýar.
Soňky wagtlarda, resmi taýdan boýun alynmaýan işsizligiň derejesiniň has ýokarlanmagy netijesinde, welaýat merkezinden 60 km uzaklykda ýerleşýän Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hem, barha kän ýola çykmaga mejbur bolýar, ol adamlar günde 60 km aralygy takside geçýär diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.
Mundan başga, şäherdäki energetika institutyna, ýörite orta hünär okuw mekdeplerine, häkimligiň garamagyndaky hünärmentçilik mekdeplerine, çagalar sungat we sazçylyk mekdeplerine, takyk we tebigy ugurlar boýunça iňlis dilinde okadýan, ders berýän ýöriteleşdirilen mekdeplere, şeýle hem rus dilli synplary bolan mekdeplere her gün müňlerçe okuwçy gatnaýar, olar tapan ulagyny ulanmaga mejbur bolýar.
"Gyşyň sowugynda, ýazyň dowamly ýagyşly günlerinde, hususy ýa-da bikanun hereket edýän taksileriň aglabasy ýol bahasyny ep-esli galdyrýar" diýip, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat bölümine her gün etrapdan gatnap işleýän hünärmen ýol azabynyň çykdajy-harajadynyň hem üýtgäp, köpelip durýandygyn gürrüň berdi.
Ýerli hünärmeniň tassyklamagyna görä, kagyz ýüzünde welaýat merkezi bilen etrap, oba aralarynda gatnaýan awtobuslaryň jedweli bar, emma iş ýüzünde, hakykatda ençeme ugur boýunça awtobus gatnawy günde 3-4 reýs bilen çäklenýär, birnäçe ugur boýunça bolsa, aýdaly, “awtobus bozuldy” diýen ýaly dürli bahanalar bilen, awtobus gatnawy köplenç birnäçe hepdeläp kesilýär.
Bu meselede Lebap sebitinde hem öwerlik ýagdaý ýok.
Lebaply hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu günki günde welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň jemagat hojalygynyň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, senagat we ulag ulgamlarynyň işgärleriniň ýarysyndan köprägini her gün etraplardan we obalardan gatnap işleýän işgärler düzýär.
Soňky ýyllarda Sakar we Saýat, Çärjew we Farap, Dänew we Boýnyuzyn, Halaç we Garabekewül, Dostluk we Döwletli etraplarynyň birleşdirilmegi, degişlilikde, ýatyrylan etraplarda işsizligiň derejesini “tasdan görülmedik" derejä ýetirdi diýip, häkimlige ýakyn çeşme aýtdy.
Işsizlik ýol, ulag meseleleriniň tiz çözülmegini talap edýär
"Iş, gazanç gözläp şähere gelýän oba adamlarynyň barha köpelmegi ulag ulgamyna hem uly agram saldy.Mundan öňem beýle bir ýygy gatnamadyk awtobuslar, bu günki gün, içi hyryn-dykyn, haçan görseň adamdan doly. Şäherde işläp, okap öýlerine gaýdýan adamlar, 40 km uzaklykda ýerleşýän Dänewe, 80 km uzaklykda ýerleşýän Seýdä hem, awtobus bolan halatynda, münüp bilseler, hyryn-dykyn ulagda dik durup, aýak üstünde ençeme sagat durup, ýol aşmaga kaýyl bolýarlar" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Biri-birinden aýratynlykda, ikiçäk gürleşilen birnäçe hünärmeniň tassyklamagyna görä, ilatyň soňky ýyllarda artan içki zähmet migrasiýasy ulag ulgamynda gyssagly, gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegini talap edýär.
Aýdylmagyna görä, baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, ýa bolmasa ýel-harasatly, ýagynly günlerde, sowuk ýa aşa yssy bolanda, welaýat merkezinden obalara we etraplara eýýäm öýlän sagat 16-17-den soň taksi hem tapdyrmaýar.
“Adamlar sagatlap taksi ulagyna garaşmaly bolýarlar. Bu ýagdaýda, ilat arasynda häkimiýetlerden nägileligini, özlerinde döreýän soraglary aç-açan aýdýan adamlar köpelýär. Şol sebäpden, diňe Lebapda däl, sebitleriň ählisinde ulag gatnawlaryny, şol sanda şäherara we şäherýaka ýolagçy otlularynyň gatnawyny ýola goýmaly, bu işi indiden beýläk gijikdirmeli däl” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmen öz pikirini aýtdy.
Bu pikir bilen aşgabatly demirýol resmisi hem ylalaşýar.
“Soňky wagtlarda demirýol ministrligine ilatdan ýolagçy otlularynyň gatnaw ýygylygynyň we ugurlarynyň gaty azdygyndan şikaýat edip ýazylýan hatlar we ýüzlenmeler köpeldi. Şeýle-de, raýatlar indi ençeme ýyllap gatnaw bolmadyk ugurlar boýunça otly gatnawlarynyň ýola goýulmagyny, bar bolan ugurlardaky ýygylygy artdyrmagy teklip edýärler” diýip, paýtagtda, demirýol ulgamynda işleýän emeldar Azatlygyň habarçysy bilen eden ikiçäk gürrüňdeşliginde aýtdy.
"Gelip gowuşýan tekliplere seredilende, Sarahsdan Aşgabada ýa hiç bolmasa Tejene çenli, Balkanabatdan Aşgabada we Türkmenbaşa çenli, Daşoguzdan S.Türkmenbaşy etrabyna çenli, Kelifden Amyderýa ýa Türkmenabada çenli otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy has köp soralýar. Şeýle-de, "Serhetabat-Aşgabat" otlusyndan daşgaryn, günde gatnajak "Serhetabat-Mary", "Ýolöten-Mary" şäherara we şäherýaka otlularynyň ýola goýulmagy, "Türkmenabat-Gazojak" otlusynyň ýygylygyny hiç bolmasa günde iki gezege çenli köpeltmek haýyş edilýär" diýip, demirýol emeldary anonimlik şertinde beren gürrüňiniň dowamynda aýtdy.
Şol bir wagtda, ýagdaýlary içinden we gowy bilýän emeldaryň tassyklamagyna görä, "demirýol hyzmatynyň ýolbaşçylary prezident Serdar Berdimuhamedowyň hut özünden geljek anyk tabşyryga ýa-da buýruga garaşýarlar”.
"Hiç bir ministrlik özbaşdak ýagdaýda halk bähbitli iş etmek ýa-da çözgüt gözlemek hereketini edip bilmeýär, hemme mesele ýokardan, bir adamyň islegi ýa talaby esasynda çözülmeli" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi döwlet edaralarynda emele gelen agyr ýagdýa düşünýän adamlar bolsa-da, olaryň öz pikirini aýtmakdan saklanmaly bolýandygyny, bu dymyşlygyň onlarça ýyl bäri dowam edýändigini nygtady.
Ýolagçy gatnawlary hyzmatynyň hilini, medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly, birnäçe ýylda, çalt düzedip boljak işleriň hem wagtynda ýerine ýetirilmezligi, aşgabatly demirýol emeldarynyň pikiriçe, ilkinji nobatda prezidentiň ilat arasyndaky şahsy abraýyna kölege salýar’.
Öňki prezidentleriň netijesiz iş usullarynyň gaýtalanmagy ne abraý, ne peýda getirer
Ýöne, aşgabatly demirýol işgärinden tapawutlylykda, bu meseläniň çözgüdine başgaça seredýän hünärmenler hem bar. Azatlygyň habarçysynyň anonimlik şertinde gürleşen wezipeli adamlarynyň käbiri aslynda ýurtda dörän agyr ykdysady ýagdaýyň, şol sanda ýolagçy gatnawyndaky kynçylyklaryň düýp sebäbini dilde tassyklanylýan azat bazar ykdysadyýetine geçilmeginiň bökdelmeginde, bir adamyň çözgüdine ýa buýrugyna baglanyp galmakda görýär.
“Eger-de ýurtda häkim bellemekden başlap, haýsy oba haçan awtobusyň gitjekdigine ýa haýsy stansiýa çenli otlunyň gatnajakdygyna çenli prezident karar çykarmaly bolsa, beýleki döwlet edaralary, aýlyk alyp ýören ýüzlerçe emeldar, umuman döwlet apparaty näme üçin gerek diýen sorag döreýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu iş usuly ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe ýola goýuldy we ähli zady bir adamyň adyna baglamak, azat bazar ykdysadyýetine geçilmegini yza çekmek bilen, ýurduň ykdysadyýetine, şol sanda adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna, iş ýerleriniň köpelmegine, aýlyklaryň ýokarlanmagyna döredilen emeli päsgelçilik boldy.
Bu pikir täzelik däl we ýerli synçylaryň köpüsi ýalňyşlygyň ähli meseläniň, öwginiň bir adama baglanmagy netijesinde ulalandygyny hem-de şu günki kynçylyklara alyp gelendigini öňden bäri aýdyp gelýärler.
Ozalky suw gurluşyk hünärmeni, Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolan, häzir Wenada ýaşaýan ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, döwlet baştutany Türkmenistanyň öňki prezidentleriniň ýalňyşyny, ähli meseläni bir adamyň çözmeginden gelip çykýan ýalňyş dolandyryşy gaýtalamaly däl.
“Pudaklaryň ýolbaşçylaryna rugsat bermeli. Olar gorkusyna [meseleleri] ýokaryk çykaryp bilenok we özleri hem çözüp bilenok. Bu uly döwletiň halkynyň meseleleri köp bolar, bir adam başarmaz. Öňki prezidentleriň hem ýalňyşlary şunda. Serdar [Berdimuhamedow] ony gaýtalamaly däl, öz abraýy üçinem, halkyň peýdasy üçinem” diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Azatlygyň habarçylarynyň berýän habarlaryndan, synçylaryň aýdýan sözlerinden tapawutlylykda, türkmen metbugaty ýurtda uly ykdysady ösüşiň gazanylandygyny tekrarlaýar.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň öz web sahypasynda tassyklamagyna görä, ýurtda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.