Emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy näbelli bolmagynda galýar

Emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy näbelli bolmagynda galýar

Bir oýun bilen adamlaryň durmuşyna giren, şahsyýetler tarapyndan algoritmleriň üsti bilen dolandyrylýan emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy bilen bagly jedelleşikler dowam edýär. Adamlaryň adyndan karar berip bilýän emeli intellekt tehnologiýalarynyň etiki gymmatlyklardan daşary gönüden howp bolup-bolmajakdygy bolsa näbelli bolmagynda galýar.

TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Gepleşigimiziň bu günki sanynda Emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy näbelli bolmagynda galýar atly temanyň üstünde durup geçeris.

Adamlar gündelik durmuşda söhbetdeşlik robotlary, awtonom ulaglar we ses buýrugy bilen işleýän sanly kömekçiler bilen aslyna garanyňda dar we gowşak emeli intellekti ulanýarlar.

Ýyllaryň dowamynda algoritmleriň super intellekt derejesine ýetmegi bilen geljekde adamlara öýkünmekden öte geçip-geçmejekdigi jedelleşilýän ugurlaryň biridir.

Emeli intellektiň wagtyň geçmegi bilen adamlaryň aklyndan geçmegi käbir hünärmenlere görä adamzat üçin oňyn bir hadysa hökmünde görülýän bolsa, käbir bilermenleriň pikirine görä betbagtçylygyň başlangyjy hökmünde görülýär.

Tesla kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy, baş direktory Ilon Mask hem emeli intellektiň adamzat üçin betbagtçylyk bolup biljekdigi sebäpli häzirki wagtdan başlap edilýän işlere arakesme berilmegini isledi.

“Grawitasion singulýar” hökmünde atlandyrylýan çaklama görä, emeli intellekt günleriň birinde adamyň aklyny öýkünmekden has öte geçer. Şol çaklama bilen adamdan üstün bir barlyk bolmak ugrundaky öňe sürmelerde emeli intellektiň şol derejä ýetip-ýetmejekdigi bolsa spekulýasiýa açyk bir teoriýa.

Käbir hünärmenlere görä emeli intellektiň adamdan üstün bolmak ewalýusiýasy ýönekeý dildüwşük teoriýasyndan ybarat.Sebäbi hünärmenler emeli intellektiň hem algoritm we alt-kodlarynyň hem wyždan we duýgy ýaly häsýetlere eýe bolan adamlar tarapyndan ýazylandygyny ýatdan çykarmaly däldigini nygtaýarlar.

Stambul Medipol uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň mugallymy Prof.Dr. Ahmet Ulwi Türkbag bolsa kompýuter tehnologiýasynyň günleriň birinde super intellekt derejesine geçen mahaly, dünýäni düýbünden dizaýn etmek isläp biljekdigini belleýär.

Emeli intelleket we geljek nesil

Germaniýada emeli intellektiň jemgyýete täsiri barada ylmy-derňewler geçirýän we Sanly öwrülişik ugry boýunça Gamburg uniwersitetinde sapak berýän Dr. Wilhelm Bielert, emeli intellekt tehnologiýasynyň jemgyýete we geljek nesile çylşyrymly we köptaraply täsir ýetirip biljekdigini nygtaýar.

“Emeli intellektiň jemgyýete we geljek nesile täsiri, nähili özgerdilendigine, kabul edilendigine we düzgünleşdirilendigine bagly bolar” diýip aýdan Bielert: “Jemgyýetiň potansial täsirleri işjeň ýagdaýda ele almagy, emeli intellektiň jogapkärli we etiki ýagdaýda özgerdilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi örän möhüm” diýip habar berdi.

Nemes pelsepeçi Winsent J. Mýuller tehnologiýa bilen birlikde özgerýän emeli intellektiň ýaşlaryň we kiçi çagalaryň durmuşyny düýbünden üýtgedendigini beýan etdi.

Mýuller şol üýtgeşmäniň diňe oňaýsyz däl, eýsem oňyn ýagdaýa hem üýtgändigini belläp: “Ajaýyp derejede önümçiligi ýola goýup bileris, meniň pikirimçe iň möhüm zat şol, bu bize bagly. Şol tehnologiýany nähli ulanjakdygymyzy biz adamlar karar berýäris” diýip aýtdy.

Habar çeşmesi: TRT Haber

Eziz ildeşler. Gepleşigimiziň bu günki sanynda Emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy näbelli bolmagynda galýar atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Emeli adada aeroport gurulýar
Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
Ýewropada emeli aň hakyndaky kanun kabul edildi
Türksat 6A Üstünlik Bilen Atyldy
Emeli gözelleriň bäsleşigi