Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi

Ilan Maskyň eýeçilik edýän “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasynyň çäklerinde kosmosa uçurylan emeli hemralaryň sany bäş müňden geçdi. Ýer ýüzüni gönüden-göni kosmosdan internet bilen üpjün etmegi meýilleşdirýän taslamanyň çäklerinde jemi 30 müň emeli hemranyň uçurylmagy göz öňünde tutulýar. 27-nji awgustda kompaniýa 22 sany kiçi göwrümli emeli hemrany Ýeriň aşaky orbitasyna uçurdy.

Kosmos bilen bagly emeli hemralar we enjamlar boýunça hünärmen Jonatan MakDowelliň pikirine görä, soňky uçuşyň amala aşyrylmagy bilen “Starlink” emeli hemralarynyň sany bäş müňden geçdi.Ondan ozalky uçuşda bu görkeziji 4 müň 983 bolupdyr.

Soňky uçuş Floridadaky Keýp Kanaweral kosmodromyndan “Falcon 9” raketasy arkaly amala aşyryldy. “SpaceX” kompaniýasy raketalaryň käbir böleklerini gaýtadan ulanmak tehnologiýasyny hem kämilleşdirýär.Uçuşdan 8,5 minutdan soňra raketanyň esasy bölegi deňizdäki bellenen platforma şowly ýagdaýda gondy. “Falcon 9”-yň ikinji bölegi emeli hemralary Ýeriň aşaky orbitasyna ýerleşdirmek üçin uçuşyny dowam etdirdi.

Emeli hemralaryň raketa uçurylandan 65 minut soňra orbita baryp ýetdi.

“Starlink” taslamasynyň çäklerinde planetamyzyň aşaky orbitasyna müňlerçe emeli hemranyň uçurylyp, ýokary hilli internet hyzmatynyň hödürlenmegi maksat edinilýär. “SpaceX”-iň häzirlikçe 12 müň emeli hemrany orbita çykarmagyna rugsady bar.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
BAE-niň roweri noýabrda Aýa uçurylmak üçin ähli synaglardan geçdi
Emeli hemralaryň sany müňden geçdi
“Crew Dragon” kosmos gämisi jahankeşdeleri 585 kilometr belentlige çykardy
SpaceX 50 sany hemrany orbita uçurdy
Türkiýe orbita täze aragatnaşyk hemrasyny uçurdy