Emeli aň tehnologiýasynyň täze nusgasy

Dünýäniň iň uly emeli aň kompaniýasy bolan OpenAI tekst döredýän emeli aň bolan GPT-4-iň kämilleşdirilen nusgasyny tanyşdyrdy.GPT-4 Turbo atly bu nusganyň has arzan we kämildigi mälim edildi.

Bu nusga täze maglumatlar bilen okadylyp, şu ýylyň aprel aýyndaky maglumatlara esaslanýar.Tekst döredijiniň ýakyn wagtda elýeterli boljakdygy mälim edildi.GPT-4 Turbo-nyň iki nusgasy bolar.

Olaryň biri dolulygyna teksti seljerýän bolsa, beýlekisi tekst bilen suratlaryň arasyndaky baglanyşyga düşünýär.Beýleki ähli dil modelleri ýaly GPT-4 Turbo hem sözleri çaklaýan statistika guraly bolup, tehnologiýa internetdäki maglumatlar bilen okadylypdyr.

Aýjahan BEGMYRADOWA,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
HNweGI-niň talyplary-patent alan ylmy işleriň awtorlary
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary