Emeli aň: ösüşi we durmuşymyza täsiri

Emeli aň adalgasy adama mahsus hereketleri ýerine ýetirmegi üpjün edýän adam beýnisiniň wezipesindäki tehnologiýany aňlatmak üçin girizilen düşünjedir.Ol geçen asyryň 50-nji ýyllarynda döräp, alymlaryň üns merkezindäki meseleleriň biri hasaplanýar.

Aslynda, bu ulgam bilen adama mahsus işleri ýerine ýetirýän algoritmleri ýa-da maşynlary döretmek maksady bilen gyzyklanypdyrlar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen emeli aňy özünde jemleýän tehnologiýalar kämilleşip, diňe bir adamyň başarýan işlerini däl, eýsem, Ýeriň aşaky gatlaklaryndan mineral maddalary gazyp almak ýaly adamyň başarmaýan işlerini hem ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelipdir.

Emeli aňy özünde jemleýän tehnologiýalaryň öňünde hiç wagt hem adamyň ýerini tutmak, onuň täsir ediş ulgamyna eýe bolmak ýa-da oňa zyýan ýetirmek maksady goýulmandyr.Emeli aňyň öňünde adamyň ýetmezçiliklerini düzetmek, oňa ylmy açyşlary ýerine ýetirmäge, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmäge kömek etmek ýaly maksatlar wezipe edilip goýlupdyr.

Häzirki wagtda emeli aňyň ösüşi örän ýokary belentliklere ýetdi we adamzadyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ýerine ýetirýän işleriniň ählisini diýen ýaly amala aşyrmak mümkinçiligine eýe boldy.Emeli aňyň adamyň ýerine ýetirýän işleriniň ýerini tutmagy adamlary ynjalyksyzlandyrmaly däldir. Çünki, adamyň emeli aňa döredýän mümkinçilikleri ýaly, durmuş hem adamyň öňünde täze-täze mümkinçilikleri açýar.

Durmuş hadysalaryna has giňişleýin seredenimizde el telefonlaryň giň ulanylyşa eýe bolmagy bilen öý telefonlaryň ulanylyş ähmiýetiniň peselişi ýaly, haýsydyr bir ulgamyň könelişmegi bilen täze bir ulgamda ösüş özüni äşgär edýär.

Häzirki wagtda biziň ulanýan onlaýn usulda petekleri satyn almakdan başlap, kir we gap-çanak ýuwujy enjamlarymyza çenli ählisi ol ýa-da beýleki derejede emeli aňyň elementlerini özünde jemleýär. Bu zatlar geljekde hem ulanylar. Emeli aňyň bu ösüşini saklamak mümkin däl. Çünki ylmyň ösmegi bilen emeli aňyň elementlerini özünde jemleýän enjamlaryň sany mukdar taýdan artýar, hil taýdan bolsa kämilleşýär.

XXI asyr dünýä ylmynyň we tehnologiýasynyň iň soňky gazananlaryny türkmen halkynyň eşretli durmuşy üçin peýdalanmagyň, döwleti ykdysady we ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň, milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ylmynyň ýeten iň soňky sepgitlerine ýetirmegiň, oňa mynasyp goşant goşmagyň zamanasydyr. Bu zamana halkyň röwşen geljeginiň sagdyn esaslarynyň ylym-bilime daýanyp gurulýan zamanasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylym-bilim bilen meşgullanmaga şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen döwlet maliýe institutynda hem häzirki zaman ylmynyň iň kämil ugurlarynyň biri bolan emeli aň öz hünär aýratynlygymyza görä tassyklanan Ýol kartasy esasynda düýpli we netijeli öwrenilýär.

Institutymyzyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda emeli aň bilen baglanyşykly çykyşlar taýýarlanylýar, bäsleşikler guralýar, ylmy-döredijilik okuwlar geçirilýär, makalalar, hekaýalar neşir edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylym-bilim bilen meşgullanmaga döredilýän bu giň mümkinçilikler diňe bir halkymyzyň şu günki eşretli durmuşyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, neslimiziň uzak möhletli ajaýyp geljeginiň binýadyny hem pugtalandyrýar.

Güýçmyrat Soltanmyradow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Emeli aňyň ynandyryjylygy güýçli boldy 
Türksat 6A Üstünlik Bilen Atyldy
Emeli gözelleriň bäsleşigi
Emeli aňa bagyşlanan maslahat
Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär
Ýaponiýa Gözegçilik Hemrasyny Planeta Uçurdy