Beýik Britaniýanyň iň uly we iň kämil robotlary işläp taýýarlaýan merkezi robotlaryň jemgyýete has giňden goşulmak döwrüniň ýakynlaşýandygyny we emeli aňyň adam durmuşynda has uly orun tutjakdygyny beýan edýär. Şotlandiýanyň Edinburg şäherindäki “National Robotarium” merkeziniň baş dolandyryjysy Stýuart Miller ýakyn geljekde her bir adamyň durmuşynda emeli aňyň çuňňur ornaşjakdygyny aýdýar.
Onuň iň esasy önümi robotlar bolup, adamlara işde, öýde, myhmançylykda, teatrda, mekdepde, uniwersitetde, oba hojalygynda, magdan känlerinde, mahlasy ähli ýerde kömek berer we agyr fiziki zähmeti tutuşlygyna aradan aýyrmaga ýardam eder.
Milleriň bellemegine görä, robot taksiler 2025-nji ýyla çenli London, Los-Anjeles, Maýami, Tokýo, Pariž ýaly şäherlerde ýolagçylara hyzmat edip başlar.Ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýan sürüjisiz taksiler ýol dyknyşygyny hem aradan aýyrmaga ýardam eder.
Ýeri gelende aýtsak, “National Robotarium” merkeziniň täze binasy 28-nji sentýabrda açylyp, Heriot-Uot uniwersiteti we Edinburg uniwersitetiniň bilelikde hyzmatdaşlyk etmeginde işleýär. Mundan başga-da ol britan hökümetinden 21 million funt sterling, şotland hökümetinden 1,4 million funt-sterling maliýe kömegini alypdyr.
Nurmuhammet Baýramow, Boldumsaz etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy