Daniýada syýasy partiýalaryň biriniň baştutanlygyna emeli aň saýlandy diýip, ýerli Jullands-Posten neşiri habar berdi.
Syýasy partiýa Sintetiki partiýa diýip at berdiler, ol şu ýazda suratkeşler topary tarapyndan esaslandyryldy. Partiýa Lider Lans atly emeli aň ýolbaşçylyk edýär, ol Patyşalygyň 1970-nji ýyldan bäri taryhynda hiç haçan Rigsdagda (Mejlisde) orun almadyk ähli partiýalaryň syýasatyna ýöriteleşdirilendir.
Emma habar beriş serişdeleri Sintetiki partiýanyň Daniýanyň Mejlisine girmek mümkinçiliginiň ujypsyzdygyny ýazýarlar. Sebäbi ýerli kanunçylyga laýyklykda, partiýalara seçip alnyşygy geçmek üçin 20 müň gol toplamak gerek, emma täze syýasy güýji goldap häzirki wagtda 11 adam gol goýdy. Bu barada MIR 24 ýazýar.