Emeli aň 2023-nji ýylyň sözi diýlip yglan edildi

Emeli aň 2023-nji ýylyň sözi diýlip yglan edildi

Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüni yglan etdiler, ol Emeli aň (AI) diýen sözdür diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar Emeli aň sözüni adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini we 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzukdygyny belleýärler. Soňky aýlarda bu adalgany dört esse köp ulanyp başlapdyrlar.

Reýtingi düzüjiler emeli aňyň üns merkezinde bolandygyny belleýärler. Ol, mysal üçin, elektron poçta ýaly, gündelik durmuşa barha çalt ornaşýar.

Ýylyň sözüni saýlaýjylar munuň üçin birgiden çeşmeleri, şol sanda internetdäki sosial ulgamlary hem yzarlaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Astronawtlar nädip ses berýär
Emeli gözelleriň bäsleşigi
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
Türkmen we german alymlary EA-nyň esasynda lukmançylyk enjamyny döretdiler
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
HPG: emeli aň millionlarça adamy işsiz galdyrar