Gazna we maliýe ministri Lütfü Elwan Italiýada üçünwisi geçirilýän G20-niň Maliýe ministrleriniň we Merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahatynyň çägnde ABŞ-nyň Gazna ministri Žanet Ýellen bilen duşuşdy.
Ministr Elwan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda ykdysady we söwda gatnaşylarynyň ösdürilmegi boýunça Ýellen bilen netiweli maslahat geçirendiklerini beýan edip: “Çaltlyk bilen özgerýän global ykdysady şertlerde Türkiýe-ABŞ özara gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdik” diýdi.
Lütfi Elwan koreýaly kardeşi Nam Ki Hong bilen duşuşdy.
Duşuşykda özara gatnaşyklar we global ykdysady meseleler boýunça pikir alyşyldy.