Eliňizi ýuwmagy endik ediniň!

Bakteriýalardan goranmagyň iň gowy usuly eliňizi wagtly-wagtynda ýuwmakdyr. Elleri ýuwmak dişiňizi arassalamak ýa-da saçyňyza timar bermek ýaly möhüm endikleriň biridir. Gündelik durmuşda amallary ýa-da öý ýumuşlaryny, esasan, elimiz bilen ýerine ýetirýäris. Salamlaşýarys, hat ýazýarys, nahar iýýäris, öý jandarlaryny sypalaýarys, baglara timar berýäris… Eýsem, elimizi wagtly-wagtynda arassalamaga üns berýärismi?!

Mikroblar örän kiçi bolansoň, olary gözümiz bilen görüp bilmeýäris. Mikroblaryň aglaba bölegi elimizde saklanyp, olary ýuwutmak dürli keselleriň döremegine getirýär. Şahsy arassaçylygy berjaý etmek üçin elimizi dogry ýuwmaly.

Ilki bilen eliňizi ölläň.

Soňra köpürjikleýänçä eliňize sabyn çalyň.

Köpürjigi eliň ähli ýerine aýasyna, arkasyna, barmaklaryň arasyna, dyrnaklaryň aşagyna azyndan 20 sekuntlap sürtmeli.

Soňra akar suwuň aşagynda mazaly ýuwmaly.

Eliňizi ýuwanyňyzdan soň bada-bat guratmagy ýatdan çykarmaň.

Näçe wagtdan ýuwmaly?

Eliňizi günüň dowamynda ýygy-ýygydan ýuwmaly. Esasan hem, eliňize hapa ýokanda, nahardan öň we soň, hajathanadan çykylandan soň, öý jandarlaryny elläniňizden soň, jemgyýetçilik ulaglaryndan düşeniňizden soň hem-de üsgürilenden ýa-da asgyrylandan soň eliňizi hökmany ýagdaýda ýuwmaly.

Soraglar we maslahatlar

Gyzgyn suwmy ýa-da sowuk suw?

Sowuk ýa-da gyzgyn suw mikroblary aýyrmakda deň derejede täsir edýär. Gyzgyn suwuň mikroblary aýyrýandygy baradaky pikir ýalňyşdyr. Mikroblary aýyrmak üçin esasan sabyn ulanmaly.

Eli guratmak möhümmi?

Mikroblar çygly deride aňsat ýaýraýar. Şol sebäpli eliňizi ýuwanyňyzdan soňra guratmagy hökman endik etmeli. Munuň üçin kagyz süpürgiçleri, elýaglygy ýa-da mata süpürgiçleri ulanyp bilersiňiz.

Sabynmy ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeler?

Eli sabyn bilen ýuwmak iň amatlysy hem-de ýaramlysy hasaplanýar. Zyýansyzlandyryjy serişdeler dogry ulanylanda, ýaramly hem-de howpsuz hasaplanýar. Gündelik durmuşda eli arassalamak üçin, esasan, sabyn ulanmaly. Zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulularyň gözegçiligi astynda peýdalanmak maslahat berilýär.

Eliňizi ýuwanyňyzda suwy tygşytly ulanmagy unutmaň!

Ýene degişli makalalar

Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Kim, haçan oýlap tapdy?
Türkmenistan häkimiýetleriň tassyklaýşyça, dünýäde COVID-19 ýaýramadyk ahyrky iri döwlet bolup galdy
Suwotudan ses geçirmeýän material öndürildi
Stambula syýahatçylar akymy soňky 33 aýda iň ýokary derejä ýetdi