Elguşly aw etmegiň däpleri we häzirki döwri

Şu ýylyň dekabrynda Abu-Dabi (BAE) şäherinde geçiriljek ýaş elguşly awçylaryň Bütindünýä festiwalyna Türkmenistanyň Elguşly awçylar milli jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşarlar.

2016-njy ýylda ÝuNESKO elguşly awçylygy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy. Ýurdumyzda milli däpleriň bu ugruny saklap galmak boýunça işleri Elguşly awçylar milli jemgyýeti alyp barýar.

1999-njy ýyldaAşgabtda Elguş awçylary kluby döredildi, ol 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Elguş awçylary milli jemgyýeti diýlip atlandyryldy.Ol üç ugurda iş alyp barýar, şolaryň biri-de ornitologiýadyr.

Ganatly ýyrtyjy guşlar dünýäsini halaýanlaryň arasynda dürli kärdäki adamlar bar.Olardan alym,ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgäri, Elguş awçylary milli jemgyýetiniň ornitologiýa bölüminiň müdiri Jumamyrat Saparmyradow taglymat işlerini amaly işleri bilen utgaşdyryp alyp barýar.

Guşlar bilen iş salşylan ýyllar elguşyň häsiýeti, ýaşaýan ýerleri, ýumurtgalaýan döwri barada köp düşünje almaga mümkinçilik berdi.Elguş awçylary milli jemgyýetiniň agzalarynyň arasynda heýkeltaraş Maksat Tugurow, telekeçiler Jepbar Gutlymyradow we Aleksandr Kuznesow, çopan Aýdogdy Çerkezow we beýleki kärdäki adamlar bolup, jemgyýetiň jemi 197 agzasy bar.

Türkmenistanda elguş-ütelgeden başga-da laçyn, şuňkar, çyparbaş laçyn ýaşaýar, şonuň üçinem ýyrtyjy guşlaryň sanyny anyklamak boýunça höwesjeňleriň işi örän möhümdir.

Elguşa atýalman, boz syçan ýada towşan ýaly awyny almak üçin al-asmana galmak hökman däl.Ol 1,5-2 kilometr belentlige galandan 5 müň inedördül metre çenli ýerdäki ähli uşak zatlara çenli görüp bilýär.

Awyna gözi düşenden atylan daş ýaly aşak inýän elguşyň tizligi sagatda 200-270 kilometre ýetýär.Ol hatda eýesiniň elinde otyrka-da awyny görüp bilýär.Kepderileri kowanda sagatda 200 kilometr tizlikde uçýar.

Türkmenler gadym döwürlerde elguşa towşan awlamagy öwredipdirler, bu ýörelge henizem dowam edýär. Mart aýynda ýumurtgalandan 40 günden soň jüýje çykýar. Heniz iki hepdelikkä jüýjejikleri höwürtgeden alýarlar, eger-de ol ýeke bolsa, awçylarda ony almazlyk däbi bar, çünki ol geljekde höwürgesini goramaly. Uly ýaşly guşlar höwürtgede ýeke guş galsa-da kaýyl bolýarlar.

Jüýjeleriň hem atasy, hem enesi bolýan adam ogly maý aýynyň ortasyndan awgustyň ahyryna çenli üç ýarym aýlap, ýelegi çykynça ony güýçli iýmitlendirýär. Şol döwürde atýalman, kepderi, alaka ýay zatlar berilýär, çünki olaryň etinde jüýjeleriň ýelegini berkidiji möhüm maddalar bar.

1-nji sentýabrdan başlap ýarym ýylyň dowamynda adamlar olara aw endiklerini öwredýärler. Şol döwürde elguş stuluň arkasyna ýapyşyp, deňagramlygy saklagy öwrenýär.Olaryň iýmitiniň ähmiýeti örän ulydyr.Guşa günde üç wagtyna diňe täze et berýärler.Aw möwsümine bir aý galanda adam ony ertir irden we agşam bir ýarym sagat elinde götermeli.

Birküç günden elguşyň özem belli bir wagtda gezelenji talap edip ganatlaryny kakyp ugraýar.Adamyň elinde göterilmegi diňe bir guşy türgenleşdirmän, eýsem geljekki awçyda sabyrlylyk, çydamlylyk we tertiplilik ýaly häsiýetleri-de terbiýeleýär. Şol döwürde ony geljekki awy-- meýdan towşany bilen naharlaýarlar.

Elguş awa gyzygyp ýoluny ýitirmez ýaly awçy gadymdan galan albaý ulanýar.Ol 20х15 sm ölçegli, gyzyl sapak bilen ýörmelen keçe bölegidir.Oňa bir bölejik et berkidilip, awçy 1-1,5 metrlik ýüpli albaýy depesinde bulaýar.

Elguşyň ötgür gözi ony görenden eti garbap alýar, şondan soň adam ony eline alýar.

Şol döwürde ol geljekki hemşerisi tazy bilen tanyşdyrylýar.Tazy 6 aýlykka elguş bilen aw etmegi öwrenip ugraýar. Terbiýesi gowy bolanda olardan ökde awçy çykýar. Şunda elguş esasy işi bitirse, tazy onuň kömekçisidir. Akylly tazy awda näme etmeldigini gowy bilýär.

Şäherde ýaşasalar-da Eýeberdiýewleriň maşgalasy—maşgalabaşy, onuň aýaly we iki çagasy elguşdyr tazy üçin oňaýly şertler döredipdirler.Otaglaryň birinde elguş üçin ketek bar.Meleguş atly tazynyň asly awçylar tohumyndan.

Häzir olar tomusky meýdançada saklanylýar.Ata Eýeberdiýew indi awçylar neberesiniň bäşinji nesli, onuň atasydr babasy—Nurberdi Eýeberdiýew bilen Rali Annaberdiýew Ahal ilinde tanalýan awçy eken.Olaryň biri çopan, beýlekisi seýis bolupdyr, ikisiniňem elguşdyr tazysy bolupdyr, olar agtygyna elguş, onuň bilen aw etmegiň syrlaryny öwredipdirler.

--Häzirki wagtda Türmenistanyň Elguş awçylary milli jemgyýetiniň Tazy“ bölüminiň hünärmenleri çydamly we ýüwrük itleri saýlamakda ata-baba gelýän ýörelgä eýerýärler, olar itiň göwresine, duýgurlygyna, reňkine üns beripdirler,--diýip Jemgyýetiň başlygy Ata Eýeberdiýew gürrüň berýär.—Türkmen tazysynyň tüýi ýylmanak, arkasy maýyşgak bolýar, ýanyp duran gözleri ulydyr. Bizde towşan awlanylýar. Tikenekli sazaklaryň arasyndan tazysyz aw etmek mümkin däl.

Ilki bilen tazy elguşyň uçusyndan ugur alýar. Awda ol nirede bolsa-da, uçup barýan elguşyň astyna gelýär. Elguş bile awa öwreişen it ony diňe bir görmän, eýsem guşuň ganatynyň sesinem eşidip bilýär. Elguşdan ugur alan tazy awyň nirdedigini dessine bilip, ony derrew tapýar.

Tazy eýesine 8-9 ýyl hyzmat edýär. Tomus günleri oňa düýe süýdi berilýär, ol itiň ýyndamlygyna gowy täsir edýär, gyşda arkasyna jul ýapylýar. Eluşdyr tazynyň häsiýetlrine beletligi Ata Eýeberdiýewiň olar barada gyzykly makalalar ýazmagyna getirdi.

Onuň aw guşlary baradaky ilkinji makalasy geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortasynda Туркменская искра gazetinde çap edilipdi. Şol döwür, 1988-nji ýylda Türkmenistanyň daşynda--Russiýanyň neşirinde--Правильная охота gazetinde ilkinji makalasy çap edilipdi. 2006-njy ýyldan 2008-nji ýyllar aralygynda Сафари žurnalynda 14 makalsy neşir edildi, neşiriň redaksion geňeşi aşgabtly elguşçyny elguşlar we tazylar barada ýazýan awtorlaryň iň gowylarynyň biri diýip belläpdi.

2014-nji ýylda Ukrainanayň Охота žurnaly türkmen elguşçysynyň makalasyny çap etdi, 2015-nji ýylda bolsa Germaniýanyň ýyllyk katalogynda onuň ganatly ýyrtyjylar baradaky makalasynyň üçüsi berildi. 30 ýyla golaý döwürde daşary ýurt we ýerli metbugatda onuň makalalarynyň 70-e golaýy çap edildi.

Türkmenleriň elguşly awçylygnyň taryhy gadymýetden, Oguzhanyň we onuň ogullarynyň ýaşan döwründen başlanýar. VII asyrda ol agtyklaryna ýer-ýurt paýlanda ýyrtyjy guşlaryň şekili bolan 24 taýpa tagmalaryny belläpdir. Olaryň bäşisi hanlyklara degişli bolup, olarda bürgüt, laçyn, şuňkar, gyrgy we ütelgi şekillendirilipdir, adamlar olary ähli döwürlerde aw edenlerinde ulanypdyrlar.

Emma türkmen elguşçylary bilen dünýä halklary XIX asyryň ahyrynda düşürilen surat arkaly tanyşýar. Ol 1890-njy ýylda alnypdyr. Onda eli elguşly orta ýaşly milli eşikli adam şekillendirilipdir. Ony Daşkentde geçirilen Bütindünýä oba hojalyk sergisinde fransiýaly Pol Nadan surata düşüripdir. 2016-njy ýylda türkmen elguş awçylarynyň taryhy bilen gyzyklanýan Ata Ahmedow bu gymmatly suraty Internetden tapdy.

1921-nji ýylda düşürilen ikinji surat Londonyň “Adam we tebigat” ,muzeýiniň katalogynda “Türkmen elguşçylary özbek elguşçylarynyňkyda myhmançylykda “ ady bilen berlipdir. 2009-njy ýylda türkmen elguşçylarynyň wekilýeti Bütindünýä elguşly awçylar gözden geçirilişine gatnaşanda muzeýe sapar guraldy, şonda hem Ata bu surata gabat gelipdi.

1927-nji ýylda awçylaryň Moskwa jemgyýetiniň gurnan Aw itleriniň II Bütinrussiýa sergisinde türkmen tazysynyň bir özi surata düşürilipdir. Ol 1967-nji ýylda Охота и охотничье хозяйство žurnalynda çap edilipdir. Ol Türkmenistanyň Merkezi kitaphanasynda saklanylýar, ondan Ata Eýeberdiýew dürli ýurtlardan itleriň, şol sanda tazynyň awdaky ähmiýeti barada makala okapdy.

Türkmen elguşly awçylary jemgyýetçilik guramasynyň döredilen ýyly ilkinji daşary ýurt saparyna gidipdiler. Olaryň gazagystanly kärdeşleri Astana elguşly awçylaryň Halkara festiwalyna çagyrypdylar. 2000-nji ýylda Amarillo şäherinde (ABŞ-nyň Tehas ştaty) Türkmenistanyň elguşly awçylar milli jemgyýeti Elguşly aw we aw guşlaryny goramagyňhalkara asssosiasynda resmi taýdan hasaba alyndy.

Bu dünýä bileleşigi gadymy elguşy aw sungatynyň we onuň ýörelgleriniň saklanylyp galmagyna ýörüteleşendir, ol ýyrtyjy guşlaryň we beýleki haýwanlaryň ýaşaýan ýerinde saklanyp galmagyna ýardam edýär. Gurama olaryň ekologiýa we weterinariýa barlaglaryna ýardam edýär, elguşly aw üçin seýrek duşýan guşlaryň, şol sanda laçyn, şuňkar, ütelge ýaly olaryň beýleki görnüşleriniň dünýäniň islendik künjeginde köpeldilmegini goldaýar.

2001-nji ýylda Parižde Elguşly aw we aw guşlaryny goramagyň halkara asssosiasynyň agzalarynyň duşuşygynda Elguşly awçylar milli jemgyýetiniň başlygy Ata Eýeberdiýew türkmenleriň gadymy elguşly aw edişi barada taryhy maglumaty bilen tanyşdyrdy. 2013-nji ýylda Daniýada türkmenleriň elguşly aw edişi baradaky wideosuratlar (operatory Ata Eýeberdiýew, kompozitory Serdar Haýdarow) Elguşly awçylaryň halkara festiwalynda görkezilen 45 wideo tanyşdyrylyşyň arasynda iň gowysy diýlip ykrak edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
Halkara guşlar gününe bagyşlanan düşündiriş çäreleri
17-nji awgustda höwesjeňleriň aw möwsümi başlanýar
Awçylar we balykçylar jemgyýeti ýakyn geljege iş ugurlaryny kesgitledi
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer sahawaty