Elementleriň tablisasy nädip döredildi?

Häzirki wagtda 118 sany element bolup, olaryň 94 sanysy Ýer ýüzünde tebigy ýagdaýda duşýar.Eýsem, olaryň tablisasy nädip döredildi?!XIX asyryň başlarynda elementleriň himiki we fiziki häsiýetlerini öwrenmekde uly işler amala aşyrylýar.

Bu ugurda edilen işleriň netijesinde täze açyşlar edilýär.Elementler barada toplanan maglumatlaryň saýpallanmagy üçin alymlar olary toparlara bölüpdirler.Munuň üçin dürli ýurtlarda dürli işleri bir-birinden tapawutlylykda şol bir açyşlary edipdirler.

Häzirki wagtda ähli bilim dünýäsinde giňden belli bolan we Mendeleýewiň tablisasy atly elementleriň tablisasy birnäçe ýylyň dowamynda döredilipdir.Elementler baradaky ilkinji ylmy işler 1649-njy ýylda Hennig Brandyň fosfory tapmagy bilen has hem güýjeýär. 1869-njy ýyla çenli 63 element anyklanýar.

Bu elementleriň sanynyň artmagy olaryň toparlara bölünmegine zerurlyk döredýär.Elementleriň tablisasynyň döredilmegi üçin köp işler ýerine ýetirilýär.Bu ugurdaky ilkinji ylmy işleri fransuz alymy Antuan Loran Lawuazýe ýerine ýetirýär.

XVIII asyryň ahyrynda şol wagtlar element hasap edilýän 33 maddany metallar we metal däller hökmünde iki topara bölýärler.Emma soňky ýyllarda bu maddalaryň käbirleriniň aýratyn element däldigi anyklanýar.17801849-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen nemes alymy Iogan Wolfgang Dýobereýner elementleri himiki aýratynlyklaryna görä üç topara bölýär.Belli fransuz geology we himigi Aleksandr Emil de Şankurtua elementleri fiziki we himiki aýratynlyklaryna görä, toparlara bölüp, ilkinji tablisany döredýär.Britan himigi Jon Nýulends 18371898-nji ýyllar aralygynda geçiren ylmy işlerinde fiziki aýratynlyklaryna görä elementleri 11 topara bölüpdir.

Ol elementleri atom massalaryna görä belli tertibe salanynda, her sekizinji elementiň birinji bilen, 9-njy elementiň ikinji bilen meňzeşdigini anyklapdyr.Nemes fizigi Ýulius Lotar Meýer hem-de rus himigi Dmitriý Mendeleýew biri-birleriniňkä meňzeş açyşlary edýärler.

Mendeleýew atomlary agramyna görä tertibe salanynda, käbir aýratynlyklaryň gaýtalanandygyna göz ýetiripdir.Bu açyşy şol wagta çenli anyklanan 63 elementiň atom massasyna görä, belli bir tablisany döretmegine mümkinçilik beripdir.

Onuň tablisasynda käbir öýjükler entek açylmadyk elementler üçin boş goýlupdyr.Soňky ýyllarda Se, Ga, Ge elementleri tablisadaky boşluklara ýerleşdirilipdir.Bu tablisada elementler 12 periodda (keseligine) we sekiz sütünde ýerleşdirilipdir.

Häzirki wagtda täze elementler hem döredilip, olaryň käbiri diňe birnäçe sekuntlap öz aýratynlygyny saklap bilýär.Olary döretmek üçin dünýäniň dürli ýerlerindäki hünärmenler ylmy işlerini geçirmegini dowam etdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
17.07.2017 | Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda nebit koksundan grafit alyndy
01.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄN PUDAK