Elektroulaglaryň satuwy rekord derejä ýetdi

2020-nji ýylda dünýäde satylan elektroulaglaryň sany öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 41% köpelip, 3 milliona ýetdi. Şol bir wagtyň özünde sarp edijiler elektroulaglary satyn almak üçin 120 milliard dollar sarp etdiler, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 50% köpdür.

Halkara energetika guramasynyň (IEA) Global Electric Vehicles 2021 atly hasabatyna görä, dünýäniň awtoulag senagaty 2020-nji ýylda uly zyýan çekip, ondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 16% pese düşdi.Netijede, elektroulaglaryň satuwy artyp, olaryň 2020-nji ýyldaky satuwy dünýädäki awtoulag satuwynyň 4,6 göterimine deň boldy.

Dünýäde ulanylýan elektroulaglaryň umumy sany 10 milliondan geçdi.Munuň bilen elektroulaglaryň, ýük awtoulaglaryň we awtobuslaryň umumy sany takmynan 1 milliona ýetdi.

Ýewropa 2020-nji ýylda 1,4 million elektroulag satdy.Bu bolsa 2019-njy ýyldakydan iki esse köp bolup, bu görkeziji boýunça ilkinji gezek Hytaýdan öňe geçdi.Bu döwürde Hytaýda elektroulaglaryň satuwy 9% artyp, 1,2 milliony satyldy.

ABŞ-da bolsa bu görnüşli ulagyň 295 müňüsi satyldy.Geçen ýylky satuwlaryň netijesinde Hytaýda elektroulaglaryň sany 4,5 milliona, Ýewropada bolsa 3,2 milliona ýetdi.

Dünýäde elektroulaglaryň sanynyň köpelmegi hökümetiň goldaw syýasaty, elektrik ulagyna eýe bolmak isleýänler üçin dürli höweslendiriş çäreleri, dürli markalar we modeller, batareýa öndürmek üçin çykdajylaryň azalmagy ýaly ýagdaýlar bilen şertlendirildi.

Hasabata görä, ýakyn 10 ýylda dünýädäki elektroulag bazary ep-esli öser. Häzirki syýasatlary we ugurlary göz öňünde tutsaň, 2030-njy ýyla çenli ýollarda elektroulaglaryň, agyr transport serişdeleriniň, ýük ulaglaryň we awtobuslaryň umumy sany 145 milliona ýeter. Hasabatda, hökümetler howa we energiýa ugurlaryndaky halkara maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrsa, bu görkezijiniň 230 milliona ýetip biljekdigi bellenilýär.

The post Elektroulaglaryň satuwy rekord derejä ýetdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak babatda pikir alyşyldy
Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy 2022-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi
Alymlar Ýeriň haýal aýlanyp başlandygyny ýüze çykardylar
Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä sanawyna goşulmagyň ýolunda
Stoltenberg IEA-nyň Başlygy Fatih Birol Bilen Duşuşdy
TBMM-niň başlygy ispaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan gaz eksport etmekde Merkezi Aziýada liderlik eder