Awtoulag senagatynyň geljegi hasaplanýan elektrokarlara zarýad bermek köp wagt alýar.Häzirki wagtda köp şäherde şeýle ulaglara zarýad beriji infrastrukturanyň az bolmagy hem-de zarýad üçin köp wagt gerek bolmagy bu ulaglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňündäki iň uly päsgelçilikler hasaplanýar.
Koreýanyň Pohang ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri litiý-ion batareýalara gysga wagtda zarýad berýän ulgamy işläp taýýarlady.Uniwersitetiň professory Býoungwy Kangyň ýolbaşçylyk edýän toparyna beýleki okuw mekdepleriniň hünärmenleri hem agza bolup durýar.
Täze işlenip düzülen tehnologiýa batareýanyň has köp energiýa saklamagyna hem mümkinçilik berýär.Toparyň işläp taýýarlan batareýasy 6 minutda 90 göterim zarýad alýar. Şeýle hem saklanan energiýany gysga wagtda boşadyp bilýär.
Bu bolsa, batareýanyň kuwwatly bolmagyna mümkinçilik berýär.täze batareýanyň önümçilige haçan taýýar oljakdygy barada maglumat berilmedi.