Soňky taýýarlanan maglumatlara görä, elektroulag bazarynda Aziýa ýurtlarynda uly öňegidişlik bar.Köp ilatly ýurtlarda bu ulaglaryň öndürilmegine we müşderilere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň artmagy olaryň satuwyny artdyrýar.
Geçen ýyl dünýäde elektroulag satuwynyň 60 göterimi Hytaýda ýerlenipdir.Aziýa ýurtlar elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiliginde hem öňdeligi eýeleýär.Bütindünýä ykdysady forumynyň maglumatyna görä, Hytaýda geçen ýyl 6,1 million elektroulag satylypdyr.
Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 82 göterim ýokary bolupdyr.Hytaý kompaniýalary şu ýylyň 8 aýynda 4,4 million elektroulag satypdyrlar.Bu ýurduň awtoulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýasy bolan BYD geçen ýyl global elektroulag bazarynyň 15 göterimini, Hytaýda bolsa 30 göterimini üpjün edipdir.
2014-nji ýylda esaslandyrylan “Nio” kompaniýasy bolsa ýokary derejeli elektroulaglary öndürýär. ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy bolsa, daşary ýurtlardaky az sanly önümçilik desgasyny bu ýurtda açyp, ulanmaga berdi.
“Toyota”, “Nissan” we “Honda” ýaly kompaniýalary bu ugurda öňdebaryjy ýapon brendleri hasaplanýar.