Elektroulag satuwy ýokarlandy

Bazar barlaglaryny amala aşyrýan Rho Motion kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde elektroulaga bolan isleg ýokarlanýar.Geçen aý dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň satuwy 13 göterim ýokarlanypdyr.

Munda Hytaý bazarynyň täsiri uly bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Ýewropada satuw pese gaçypdyr.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Çarles Lester elektroulaglaryň ýaýrawynyň artmagy hem-de BYD kompaniýasynyň satuwynyň ýokary bolmagy netijesinde Hytaý elektroulaglarynyň has köp satylandygyny mälim etdi.

Iýun aýynda dünýäde jemi 1,4 million elektroulag satylypdyr.Bu görkezijiniň 60 göterimi, ýagny 860 müňi Hytaý bazarynda ýerlenipdir.

Ýewropada bolsa elektroulag satuwy 7 göterim azalyp, 300 müň bolupdyr. ABŞ-da we Kanadada 6 göterim ösüş gazanylyp, 140 müň elektroulag satylypdyr. Ýylyň dowamynda dünýäde 16,6 million elektroulag satylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

90-njy awtoulag sergisi
Dünýäde elektrik transportynyň satuwy iýul aýynda 61% ýokarlanyp, 778 müňe barabar boldy
Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar
BYD aýda 300 müň elektrokar çykarar — Tesla şonça ulagy üç aýda çykarýar
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy