Elektroulag önümçiligi artýar

ABŞ-nyň General Motors (GM) hem-de Hytaýyň General Motors (GM) kompaniýalarynyň bilelikde döreden SAIC-GM Hytaýdaky üçünji elektroulag zawodynyň gurluşygyna başlady. Ýurduň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Ýantaý şäherinde gurulýan desgada elektroulaglaryň köpçülikleýin önümçiligi gurlar.

Bilelikdäki kompaniýa GM-niň önümçilik platformasy esasynda elektroulag zawodlaryny gurýar.Bu ugurdaky önümçiligi artdyrýan kompaniýa täze taslama üçin 8,8 milliard ýewro bölüp berdi. Önümçilik desgasynyň 2025-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

SAIC-GM-niň beýleki iki zawody Şanhaýyň Pudun sebitinde hem-de Uhan şäherinde ýerleşýär. Uhandaky zawod şu ýylyň başynda işe girizildi. Bu ýerde “Buick Electra E5” hem-de “Buick Electra E4” elektroulaglary öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ikisi-de finalda Olimpiýa çempionlaryny ýeňdi
BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer