Ýaponiýanyň “Panasonic” kompaniýasy köp wagtdan bäri elektroulaglar üçin batareýalary öndürýär.Kompaniýa barha köp islegden peýdalanýan bu harydyň önümçiligini 2028-nji ýyla çenli 4 esse artdyrar. “Panasonic Energy” 2025-nji ýylyň mart aýynda tamamlanýan maliýe ýylyna çenli ýyllyk girdejisini 970 milliard ýene (7,5 milliard dollar töweregi) ýetirmegi maksat edinýär.
Bu maksada ýetmek üçin önümçilik kuwwatyny artdyrar, Demirgazyk Amerikada täze zawodlar gurar. Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Wakaýama zawodynda amerikan “Tesla” kompaniýasy üçin täze nesle degişli batareýalar öndüriler.
Nurana Tekäýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby