Elektroulag batareýa zawodyny gurarlar

Fiat, Jeep, Dodge we Chrysler ýaly 16 brendi jemleýän Stellantis bilen Samsung SDI kompaniýasy ABŞ-nyň Kokomo şäherinde täze batareýa zawodyny gurar.Jemi 2,5 milliard dollar sarp ediljek desgada litiý-ion batareýalary öndüriler. Ýylyň ahyrynda gurluşygyna başlanjak desga 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde önümçilige başlar.

Stellantis bu ýerde öndüriljek batareýalaryň zarýad berip bolýan gibrid (PHEV) hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin niýetlenjekdigini mälim etdi.Desganyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ilkinji nobatda 23 gigawat/sagat bolar.

Soňra bu görkeziji 33 gigawat/sagada ýetiriler.Munuň üçin maýa goýumyň mukdary 3,1 milliard dollara ýetiriler.Zawodda jemi 1400 adam zähmet çeker.Stellantis 2025-nji ýyla çenli elektroulaglar üçin jemi 35,5 milliard dollar özleşdirer.

Mundan ozal Stellantis LG bilen bilelikde Kanadada batareýa zawodyny gurmak üçin ylalaşypdy.Bu zawod 2024-nji ýylda işe giriziler.

Kerim MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji zawodyny gurar
Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar
Maserati benzin bilen işleýän motorlardan doly ýüz öwürmekçi bolýar
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Ferrari Stellantis-den ozdy
Hemmelere elýeterli ulag bolar