Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş

Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş

Hojalyk tehnikalarynyň we elektronika önümleriniň dükany bolan Elektronika dünýäsi baýramçylyk arzanladyşyny ýola goýdy. Ol 2025-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Alyjylar şol güne çenli bu ýerden häzirki zaman enjamlarynyň örän köp görnüşlerini 10%-den 40%-e çenli arzan bahalardan satyn alyp bilerler.

Elektronika dünýäsi dükanynda döwrebap enjamlaryň ajaýyp görnüşleri alyjylara ýetirilýär: 4K we 8K durulykly soňky öndürilen telewizorlar, No Frost, ýagny buz döretmeýän funksiýasy bolan holodilnikler, akylly aşhana kombaýnlary we beýleki her günde peýdalanylýan enjamlar.

Bosch, Samsung, Neos, Gorenje, TCL, Hitachi, DeLonghi, Kärcher, Whirlpool ýaly dünýä belli brendleriň resmi wekili bolup durýan Elektronika dünýäsi satýan ähli önümleriniň ýokary hilini we originallygyny kepillendirýär. Özüňize laýyk geljek harydy saýlamak meselesinde bolsa dükanyň satyjylary giňden ýardam ederler.

Baýramçylyga häzirden taýýarlyk görüp, örän ýer tutjak sowgatlar bilen özüňizi we ýakynlaryňyzy begendirmek mümkinçiligini elden gidirmäň!

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar
Aladasyz tomus: Elektronika dünýäsi dükanynda TCL howa sowadyjylaryna aksiýa yglan edildi
AŞGABAT — KAZAN — AŞGABAT GATNAWLARYNDAKY UÇUŞLAR MOSKWA UGRUKDYRYLÝAR
14-nji oktýabr Elektron zyňyndylaryň halkara güni
“Salayidin” Türkmenistanda gurluşyk taslamalary üçin ygtybarly hyzmatdaş
Elektron enjamlary nähili arassalamaly?