Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlary Amatly tomus aksiýasyny geçirýärler

Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlary Amatly tomus aksiýasyny geçirýärler

Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlary öz müşderileri üçin Amatly tomus aksiýasyny geçirýärler. Aksiýanyň çäklerinde Hitachi sowadyjylarynyň bellenen modellerini satyn alan müşderilere Whirlpool kir ýuwujy enjamy ýa-da Hitachi tozan sorujysy sowgat berilýär. Hitachi sowadyjylaryna dükanlar tarapyndan 3 ýyl kepillik berilýär. Aksiýa 7-31-nji iýul arasynda dowam edýär.

Şeýle hem Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlary müşderileriň islegleri boýunça Samsung telewizorlaryna 35% arzanladyş aksiýasynyň möhletini 31-nji iýula çenli uzaldýar. SAMSUNG telewizorlaryna dükanlar tarapyndan 2 ýyl kepillik berilýär.

Mundan başga-da, Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlaryna dünýä belli Bosch kompaniýasynyň hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Alyjylar Bosch kompaniýasynyň ýokary hilli harytlaryny amatly bahadan we resmi kepilligi bilen satyn alyp bilerler.

Elektronika dünýäsi dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (hyzmat ediş merkezi).

Samsung dükany alyjylaryna Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda garaşýar. Telefon belgisi: (+993 60) 14 22 52.

Ýene degişli makalalar

Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar
Aladasyz tomus: Elektronika dünýäsi dükanynda TCL howa sowadyjylaryna aksiýa yglan edildi
Elektronika dünýäsi dükanynda 40%- çenli uly arzanladyş dowam edýär
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi