Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar

Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar

Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalarynyň satuwynda uly göwrümli aksiýa başlaýar. Bu uly arzanladyş 7-nji iýuldan 31-nji awgusta çenli dowam eder.

Alyjylara smartfon, telewizor, sowadyjy we kir ýuwujy maşyn ýaly önümleriň köp sanly görnüşlerinde 50%-e çenli arzanladyş garaşýar. Dükanda Samsung, Bosch, Hitachi, Delonghi, TCL, Gorenje we Karcher ýaly dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň önümleri hödürlenýär.

Elektronika dünýäsi özüne çekiji bahalardan başga-da birnäçe goşmaça peýdaly artykmaçlyklary hödürleýär. Müşderiler söwda edenlerinde harydyň tölegini nagt we nagt däl görnüşde amatly töleg şertleri arkaly töläp bilerler. Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin bolsa kiçi göwrümli enjamlar tölegsiz eltilip berilýär.

Bu ýerde hyzmatyň hiline aýratyn üns berilýär. Dükanyň başarnykly işgärleri müşderilere iň amatly enjamlary saýlamakda ýardam bermäge taýýardyrlar. Satyn alnan harytlaryň ählisine kepillik hyzmatynyň üpjün edilýändigini hem bellemek gerek.

Aksiýa çäresiniň çäklerinde elektron tehnikalary ulanmak boýunça hünärmeniň ussatlyk sapagy hem meýilleşdirilýär. Munuň özi alyjylara satyn alýan enjamlary barada goşmaça zerur zatlary bilmäge mümkinçilik berer.

Elektronika dünýäsi dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi, 183-nji jaý.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Aladasyz tomus: Elektronika dünýäsi dükanynda TCL howa sowadyjylaryna aksiýa yglan edildi
Elektronika dünýäsi we Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki Samsung dükanlary Amatly tomus aksiýasyny geçirýärler
Röwşen aýakgaplarynda tomusky arzanladyş: 150 manatdan başlaýan bahalardan tutuş maşgala üçin aýakgaplar
Elektronika dünýäsi dükanynda 40%- çenli uly arzanladyş dowam edýär
Bossan Concept dükany Gurban baýramy mynasybetli batutlaryna arzanladyş yglan edýär
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.