Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ykdysady pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Bank ulgamynda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek we beýleki ugurlar boýunça zerur enjamlary, programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak işleri amala aşyrylýar.
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.Ilatyň bank ulgamyna bolan ynamyny artdyrmak, karz alyjylaryň we goýumçylaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, banklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ygtybarly we döwrebap hasaplaşyk ulgamlarynyň hereketini üpjün etmek, şeýle hem pul serişdeleriniň ýerleşdirilişini kadalaşdyrmak arkaly maliýe bazaryny kämilleşdirmek Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Halkbank terminal ulgamlary arkaly bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda programma üpjünçiliginiň ýeterlikli derejede alnyp barylmagy, banklaryň internet sahypalarynyň barha kämilleşdirilmegi täze ýola goýlan hyzmatlar barada müşderileriň habardar bolmagyna ýardam edýär.
Täze innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilýän bank tölegleri, hasaplaşyk ulgamynda käbir ýeňillikleriň döredilmegi wagty tygşytlamak bilen birlikde hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli gowulandyrylmagyna hem oňyn täsir edýär.
Bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mysal hökmünde awtobuslaryň petekleri üçin tölegleri, poçta, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, jemagat hyzmatlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlarynyň, awtoulag ýangyjy, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek we beýlekileri görkezmek bolar.
Internet-bank hem-de Mobil-bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlandyrmaga, geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlary gözegçilikde saklamaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda Altyn asyr bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak Internet-bank hyzmatyna birikdirip bilýär. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny, dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp hem-de olary satyn alyp bilýärler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary tarapyndan Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary hem-de Türkmenhowaýollary agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almaga mümkinçilik döredildi.
2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky tarapyndan dolanyşyga goýberilen bank kartlarynyň sany 906,1 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 8 müňden geçdi.
2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli bank tarapyndan hödürlenilýän Internet-bank hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 212,4 müňden geçdi, Mobil-bank hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 8,1 müňe ýetdi. Bu görkezijiler sanly hyzmatlardan peýdalanýan ildeşlerimiziň günsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.
Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna hem-de geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar.
Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli, oýlap tapyjy we dörediji bolup ýetişmekleri ösüp gelýän ýaş nesle bildirilýän talapdyr.Döwrebap sanly bank hyzmatlarynyň girizilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de täze döwrebap innowasion sanly bank tehnologiýalarynyň banklara ornaşdyrylmagy bilen, täze bank hyzmatlarynyň ulanyşa girizilmegi, sanly ykdysadyýetiň bähbitli ýollarynyň biri hökmünde ykrar edilmegi alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän sanly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan yzygiderli ilata hödürlenýän täze döwrebap sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulnabat Aşirowa,
Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik bankynyň Kesearkaç şahamçasynyň
Karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn
ýerine ýetiriji.