Iri tehnologiýa kompaniýalary diňe elektron enjamlaryny öndürmän, eýsem, elektron söwda pudagynda hem işleýär. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan “Samsung” elektron söwda ulgamynyň çägini barha giňeldýär.Häzirki wagtda dünýäniň köp ilatly ýurtlarynyň 25-sinde ýöreýän “Samsung Pay” töleg ulgamy indiki ýyldan başlap, has köp ýurtda işe giriziler.
Bu ulgam örän ýönekeý bolmagy bilen tapawutlanyp, MST atly ulgam arkaly ähli töleg terminallarynda diýen ýaly tölegleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.Koreý kompaniýasy geljek ýyl “Samsung Pay”-e täze aýratynlyklaryň hem goşuljakdygyny we beýleki ýurtlarda hem ulanyşa giriziljekdigini belledi.
Oktýabr aýynda “Samsung Pay”-e goşulan täze aýratynlyk arkaly bolsa, ulanyjylar öz aralarynda pul geçirimlerini hem amala aşyryp bilýärler.Bu hyzmat dünýäniň 47 ýurdunda hödürlenýär. Şeýle hem kompaniýa öndürýän enjamlaryny hem kämilleşdirmegiň aladasyny edýär.
Kompaniýa “Galaxy S” enjamlarynyň bahasyny arzanlatmagy we “Note” smartfonlaryny adaty we “Plus” görnüşinde ikä bölmegi maksat edinýär.
Şeýle hem kompaniýa şu ýylyň başynda tanyşdyrylan eplenýän ekranly “Samsung Fold” smartfonynyň satuwynyň bir milliondan geçendigini habar berdi.