Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler netijesinde ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňeýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly bank önümlerini görkezmek bolar.
Türkmenistanyň çäginde “Altyn asyr”, “Millikart”, “Goýum bank karty”, “Maşgala” bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly hökmünde raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar.
Müşderiniň arzasy ýa-da “Internet-bank” ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. “Maşgala” bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, öý telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank kartlaryndan peýdalanýan raýatlar üçin “Cash back”- hyzmaty işlenip taýýarlandy.“Cash back” (iňlisçe terjime edeniňde “cash” nagt, “back” yzyna, ýagny yzyna nagt gaýtarmak) bank hyzmaty, bu bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.
Häzirki wagtda hyzmatyň amatlyklarynda peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamy dowamly kämilleşdirilýär, raýatlara döwrebap bank hyzmatlary hödürlenip, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem giňeldilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatyna laýyklykda innowasion tehnologiýalary bank ulgamynda yzygiderli ornaşdyryp, bank hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, raýatlara täze bank hyzmatlaryny hödürlemek Türkmenistanyň bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar.
Häzirki wagtda Altyn asyr, Millikart bank kartlarynyň eýeleri bolan raýatlarymyz ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän owerdraft karzyndan peýdalanyp bilýärler.
Sanly karz hyzmaty bolan owerdraft karzy, raýatyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda bank tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan tertipde awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir.
Hyzmata laýyklykda müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, şertnamada göz öňünde tutulan tertipde karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri awtomatiki usulda kartyň degişli hasabyndan yzyna gaýtarylýar. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde gülläp, gül açmak bilen, ösüşleriň täze belentliklerine kuwwaty durnukly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň halkara we dünýä derejesindäki abraýy arşa galýar. Ýurdumyzy ösüşli ýollar bilen aýdyň we röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogulnar Apowowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby