Elektron kitabyny tanyşdyrdy

Diňe mobil enjamlary däl, eýsem elektrik energiýasy bilen işleýän onlarça harydy öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy ilkinji elektron kitabyny tanyşdyrdy. “Mi Reader” atly elektron kitap “Amazon”-yň “Kindle” enjamyna meňzeýär.

Täze enjamyň ýüzüniň ýagtylygyny sazlamagyň 24 görnüşi bar.Enjamyň HD durulygyndaky ekranynda elektron syýa tehnologiýasyndan peýdalanylypdyr.Hytaýda 18-nji dekabrda satuwa çykaryljak enjamyň halkara bazaryna haçan hödürlenjekdigi mälim edilmedi.

Enjamda TXT, EPUB, PDF, DOC formatlardaky kitaplary okap bolýar. Şeýle hem, enjam arkaly WPS we “Microsoft Office” applikasiýalaryndan peýdalanyp bolýar.Ekranynyň ululygy 6 dýuým bolan enjamyň içki ýady 16 GB. “Android 8.1 Oreo” amaly ulgamynda işleýän elektron kitabyň ululygy 159,2 x 116 x 8,3 mm.

Agramy 178 gram.

Ýeri gelende aýtsak, 1994-nji ýylda internet arkaly kitap satuwyny ýola goýan “Amazon” kompaniýasy elektron kitaplary hem öndüripdi. Amerikan kompaniýasy bölek elektron söwda bilen bir hatarda “Kindle” atly elektron kitap okamaga niýetlenen, beýleki mobil enjamlardan tapawutlylykda gözüňi ýadatmaýan enjamlary hem öndürýär. “Xiaomi”-niň täze enjamy “Amazon”-yň esasy bäsdeşi bolar.

Ýene degişli makalalar

Kitap satuwy artýar
Moskwada Elektron kitaplaryň muzeýi açyldy
“Kindle”-iň täze nusgasy
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary plastikany gaýtadan işlemek üçin ýeňillik we bonus alyp bilerler
Zaman Türkmenistan PDF 08-11-2024
Suratly sözlük arkaly özbaşdak dil öwrenmegiň innowasion usullary