Elektron gapjygyny kämilleşdirýär

“Google” kompaniýasy maliýe ulgamyndaky ornuny berkidýär.Kompaniýa “Google Wallet” elektron gapjygyny täzeledi.Indi bu elektron gapjygy “Android” amaly ulgamynda işleýän mobil enjamlarda bank we karz kartlaryny saklamak we dolandyrmak üçin ulanyp bolar. Şeýle hem sanly şahsyýetnamalary, jemgyýetçilik ulaglarynyň töleg kartlaryny, dürli biletleri, ulagyň açaryny saklamaga mümkinçilik dörediler.

Mälim bolşy ýaly, kompaniýanyň “Google Pay” atly töleg ulgamy hem bar.Täze gapjygyň bu töleg ulgamy bilen hem sazlaşykly işlejekdigi mälim edildi.

Rahman Mahmydow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi
Galtaşyksyz töleg tehnologiýasy
Bank kartyny döreder
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Türkmenistan ÝHHG-niň DIM-niň Geňeşiniň Maltada geçirilen mejlisine gatnaşdy
“Barselona” “Real Madridden” 3 utuk öňe saýlandy