Kompýuterdir beýleki elektron enjamlary arassalamak ownuk we ünsli çemeleşmeli iş hasaplanýar.Kähalatlarda öýde ýa-da ofisde arassaçylyk işleri geçirilende kompýuterleriň gözden sypdyrylýan halatlary bolýar.
Aslynda, bu elektron enjamlar yzygiderli arassaçylygy talap edýär.Elektrik energiýasy bilen işleýändigi we içinde ownujak bölekleriň bardygy sebäpli bu enjamlar arassalananda has ünsli bolmaly.Geliň, bu enjamlary arassalamagyň käbir usullaryna seredeliň!
Kompýuter klawiaturasyny arassalamak o diýen kyn däl.Emma islendik elektron enjam arassalananda suwuk serişdeleri örän seresaply ulanmalydygyny ünsden düşürmeli däl.Sebäbi suwuk arassaçylyk serişdesi aşa köp ulanylsa ýa-da enjamyň içine girse, zyýan ýetirmegi mümkin.
Arassaçylyga başlamazdan ozal, bu enjamlary tokdan aýyrmaly.Klawiaturany ilki başaşak tutup, aşagyndan çalaja urmaly we silkmeli. Şeýlelikde, düwmeleriň arasyna giren hapa we tozan bölejikleri gaçar.Elektron enjamlaryň satylýan dükanlarynda klawiatura arassalamaga niýetlenen basyşly serişdäni düwmeleriň arasyna pürkmeli.
Soňra gury mikrosüýümli esgi bilen süpürmeli we guraýança garaşmaly.
Optiki syçanjyklar kiçi bolansoň, arassalamak hem kyn däl. Syçanjygy mahal-mahal çygly esgi bilen süpürmeli. Optiki syçanjyk arassalananda aşaky bölegindäki hapalary we şiräni doly aýyrmagy ýatdan çykarmaly däl.
Kompýuterleriň, ýankompýuterleriň, telewizorlaryň we beýleki enjamlaryň ekranlary örän näzik bolýar. Şol sebäpli ekrany gaty basman, esgi bilen süpürmeli. Çalgyç, desmal, elýaglyk, bir gezek ulanmaga niýetlenen aşhana kagyzlary ekranlara zeper ýetirýär.
Ekrany süpürmek üçin çala çyglandyrylan ýörite mikrosüýümli esgini ulanmaly.Esgä gereginden artyk aýna ýuwujy ergin sepilende, ekranyň çarçuwasyndan içine girip, zeper ýetirmegi mümkin. Şol sebäpli ergini esginiň diňe ýarysyna ýa-da bir burçuna sepmeli.
Ekranyň göni ýüzüne aýna ýuwujy ergin sepilende bolsa, gury esgi bilen bada-bat süpürmeli.
Ekranyň ýüzünde tegmil bar bolsa, aýyrmak üçin owkalamaly däl. Hapa aýrylýança çygly esgi bilen çala basyp süpürmegi dowam etmeli. Ekran arassalananda oňa diňe esgi degmeli. Eliňiz degse, ýene-de yz galar.
Ýuka ekranlary arassalamak üçin ýörite satylýan çygly süpürgiçlerden hem peýdalanyp bilersiňiz. Bu çygly süpürgiçler gündelik durmuşda ulanylýan çygly süpürgiçlerden tapawutly bolup, ekran üçin zyýansyz ýörite serişde bilen kadaly mukdarda çyglandyrylýar. Rezine çalymdaş bu süpürgiçler ekrana zeper ýetirmeýär. Öýde ulanylýan adaty arassaçylyk serişdeleri bilen elektron enjamlaryny arassalamakdan gaça durmaly.