Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda köp wagtdan bäri maslahatlaşylýan, elektron enjamlaryň zarýad ulgamynyň birmeňzeş bolmalydygy baradaky karar kabul edildi. Şeýlelikde agza ýurtlarda satylýan telefon, smartfon, planşet we kamera ýaly elektron enjamlaryň ählisi USB-C zarýad berijili bolmaly. Ýewropa Parlamenti 27 agza ýurduň 2024-nji ýylyň güýzüne çenli täze düzgüne geçilmegi baradaky kanun teklibini tassyklady.
Täze düzgüne görä kiçi we orta ululykdaky ähli elektron enjamlaryň zarýad beriji ulgamy birmeňzeş bolar. “Akylly” sagat we goşarlyk ýaly has kiçi enjamlar üçin başgaça zarýad berijiler ulanylyp bilner.
Elektron enjamlaryň zarýad standartynyň ikinji tapgyrynda ýankompýuterler bilen bagly düzgünler kabul ediler. Bu düzgüniň güýje girizilmegi bilen elektron enjamlaryň zyňyndylarynyň azaldylmagy maksat edinilýär. Sarp edijiler bolsa bir ýere gidenlerinde adatdakydan tapawutly zarýad berijisini ýanynda götermeli bolmazlar.
Häzirki wagtda adatça, USB-C, “Micro USB” we “Lightning” (“Apple”) ýaly zarýad beriji ulgamlar bar.
Adatça, “Android” enjamlar USB-C zarýad girişli bolýar. Şol sebäpli amerikan “Apple” kompaniýasy enjamlarynyň zarýad girişini üýtgetmeli bolar.