Häzirki wagtda dünýäde alternatiw energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak üçin dürli maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda awtoulag pudagyny hem görkezmek bolar.Awtoulag öndüriji kompaniýalar elektrik togy bilen işleýän elektromobilleri öndürmäge girişdi. 2035-nji ýyla çenli olaryň sanynyň azyndan 100 milliona ýetmegine garaşylýar.
Ol hem bir gije-gündizde nebite bolan islegiň 1,5 million barrele çenli azalmagyna getirer.Bu barada “British Petroluem” (BP) kompaniýasynyň baş ykdysadyýetçisi Spense Deýl habar berdi. Meniň pikirimçe, 2035-nji ýyla çenli elektromobilleriň sany 100 milliondan geçer.
Ol hem bir günde nebite bolan islegiň 1,5 million barrele çenli azalmagyna getirer.Häzirki wagtda tutuş dünýäde 2 milliona golaý elektromobil bar.Bu bazar okgunly ösýär diýip, ol belledi.Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy bolan OPEK-iň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda tutuş dünýäde nebite bolan isleg bir gije-gündizde 95,12 million barrele deň boldy.
Bu görkeziji 2017-nji ýylda 96,38 million barrele ýeter.